Türkmenistanda gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň hünär baýramy döredildi

  • 30.08.2019 23:58
  • 3.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzda Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni döredildi. Bu hünär baýramçylygy her ýylyň sentýabr aýynyň ikinji şenbesinde bellenilip geçiler.
Gol çekilen resminama laýyklykda, Gurluşyk we binagärlik ministrligine, Energetika ministrligine, şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň gününi ýokary derejede guramaçylykly belläp geçmek tabşyryldy.
Gurluşyk we binagärlik ministrligine, Energetika ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde bir aý möhletde ýurdumyzyň kanunçylygyna Permandan gelip çykýan üýtgeşmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça teklipleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna taýýarlap bermek tabşyryldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2003-nji ýylyň 16-njy iýunynda çykaran Nebitgaz, energetika we geologiýa senagatynyň işgärleriniň gününi bellemek hakyndaky Permanyny güýjüni ýitiren hasap etmeli.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......