Türkmenistanyň Futbol federasiýasy gyzyklanýan taraplar üçin mahabat hyzmatyny hödürleýär

  • 30.08.2019 00:31
  • 6k+

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy gyzyklanýan taraplara Dünýä çempionaty – 2022-niň saýlama tapgyrynyň çäginde milli ýygyndymyzyň paýtagtymyzyň “Köpetdag” stadionynda geçirjek oýunlarynda mahabatlaryňyzy ýerleşdirmäge mümkinçiligiň döredilýändigini habar berýär. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty belleýär.
Dünýä çempionatynyň çäginde Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Günorta Koreýanyň, Demirgazyk Koreýanyň, Liwanyň hem-de Şri-Lankanyň ýygyndy toparlary bilen duşuşýandygyny ýatladýarys.
Ýokarda agzalan futbol ýygyndylarynyň futbolçylary bilen Aşgabatda geçiriljek duşuşyklara FIFA-nyň, AFK (Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy) wekilleriniň, emin agzalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, şeýle-de, janköýerleriň müňlerçesiniň gelmegine garaşylýar.
Dünýä çempionaty – 2022-niň saýlama tapgyrynyň duşuşyklary teleýaýlymlarda göni ýaýlymda görkezilip, TFF-niň resmi saýtynda, internet portallarynda Türkmenistanyň hem-de daşary döwletleriň habar beriş serişdelerinde giňişleýin beýan ediler.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: TFF-niň marketing bölümi, tel:+99 (365) 551975

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......