ABŞ-nyň ilçihanasy ulanylan hojalyk enjamlaryny we awtoulaglaryny auksiona çykarar

  • 29.08.2019 23:57
  • 12k+

Puşkin köçesiniň 9-njy jaýynda ýerleşýän Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy 2019-nji ýylyň sentyabr aýynyň 13-ine, anna güni auksion geçirýär. Auksion irden sagat 09:00-da başlap 12:00-a çenli dowam eder. Bu barada ilçihananyň resmi saýty habar berýär. Ilçihananyň administratiw-hojalyk bölümi ulanylan mebel, kompýuter we öý enjamlaryny şeýle hem awtoulaglaryny satuwa çykarar. Auksionyň ýeňijileri şol güniň dowamynda telefon arkaly habar ediler we olar bilen utan zatlaryny alyp gitmek üçin gün wagt belleniler. Ýeňijiler tölegi şol gün amala aşyrmalydyrlar.
Auksiona gatnaşmak isleýänler ýanlary bilen şahsyýetnamasyny subut edýän resminama getirip, auksionyň düzgünlerini gyşarnyksyz ýerine ýetirmelidirler. Satuwa çykarylan emläk şol günki ýagdaýy bilen satylýar.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......