«Ýaňlan, Diýarym! — 2019» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

  • 26.08.2019 00:23
  • 9k+

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Ýaňlan, Diýarym – 2019» telebäsleşiginiň jemi jemlendi. Her ýyl «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi Watanymyzyň Garaşsyzlyk toýunyň öňýanynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly döredijilik bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýär.
Bäsleşigiň maksady türkmen halk aýdym-saz sungatyny we bagşyçylyk sungatyny giňden wagyz etmek. Bu telebäsleşik ýaşlaryň arasynda iň meşhur we abraýly döredijilik bäsleşikleriň birine öwrüldi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken karary bilen şu aşakdakylar «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we altyn zynjyr bilen sylaglanyldy:
- Orazdurdyýewa Gurbanjemal Şöhratgeldiýewna — Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabat» döredijilik toparynyň 1-nji derejeli artisti;
Ataballyýew Çarygeldi Kakamuhammedowiç — Ahal welaýatynyň ýörite sazçylyk mekdebiniň talyby;
Garajaýew Garaja Ilgeldi ogly — Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň medeniýet bölüminiň Könekesir obasyndaky medeniýet öýüniň saz ýolbaşçysy;
- Amanow Allaberdi Orazguly ogly — Türkmenistanyň içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky № 1001 harby bölüminiň Daşoguz welaýatyndan harby gullukçysy;
Güljeml Taýlyýewa — Lebap welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň talyby;
Esenmyradow Amangeldi Kakamyradowiç — Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap medeniýet öýüniň ýanyndaky tans ansamblynyň gatnaşyjysy.

şu gün 15:15
640

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
1.9k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
803

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......