Zyýaratçylarymyz haj parzyny berjaý edip, Watanymyza dolandylar

  • 25.08.2019 23:47
  • 5.7k+

Gurban baýramy günlerinde asylly dessury ýerine ýetirmek maksady bilen, Mekgä hem-de Medinä gidip, haj parzyny berjaý eden ildeşlerimiz Watanymyza sag-aman dolanyp geldiler.
Gurban baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň welaýatlaryndan hem-de Aşgabat şäherinden ildeşlerimiziň 160 sanysy Saud Arabystany Patyşalygynda dünýäniň ähli künjeklerinden keramatly Käbä sežde etmäge gelen millionlarça zyýaratçylaryň hataryna goşuldylar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi bilen "Türkmenhowaýollary" gullugy türkmenistanlylar üçin ýörite howa uçuşyny gurady.
Ildeşlerimiz Medinede Muhammet Pygamberiň we onuň egindeşleriniň aramgähine zyýarat etdiler, Mina jülgesine baryp, Arafat dagyna çykdylar, Mekgäniň ýanyndaky keramatly Zem-Zem çeşmesine, Al-Haram metjidine baryp, dessur bolşy ýaly, togap etdiler, mukaddes Käbäniň keramatly Gara daşynyň daşyndan aýlandylar.
Şeýle hem ildeşlerimiz dünýäniň ähli musulmanlaryň ruhy paýtagtynda bolmagyň çäklerinde şäheriň metjitlerinde Alla sežde etmek çäresine gatnaşdylar.
Diýarymyza sag-aman dolanyp gelensoňlar, zyýaratçylar her bir musulman üçin wajyp hasaplanylýan haç parzyny berjaý etmek ugrunda döwlet tarapyndan berlen goldaw we mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar.

düýn 15:15
906

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.3k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.4k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......