Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezi 2021-nji ýylda ulanyşa berler

  • 24.08.2019 23:59
  • 10k+

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 4-nji martynda çykaran Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, edaralara, kärhanalara we guramalara Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2019-njy ýylyň awgust aýynda başlamak we binalary hem-de desgalary 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. Täze şäheriň guruljak ýeriniň ekologiýa, seýsmologiýa taýdan ylmy esasda düýpli öwrenildi.
Täze şäher 70 müňden gowrak hojalyga niýetlenendir. Iki tapgyrda kottejleriň we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 400-den gowragy gurlar. Bu welaýat merkezinde her biri 320 orunlyk 10 sany çagalar bagynyň, hersi 720 okuwça niýetlenen 19 sany orta mekdebi, başlangyç we orta hünär mekdebi, şeýle hem iki sany sungat mekdebi bina ediler.
Iki sany Saglyk öýi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, beýleki hassahanalar bina ediler. Welaýat merkezinde Ruhyýet köşgi, Medeniýet öýi, drama teatry, kitaphana, sirkiň binasy we muzeý gurlar. Häzirki zaman sport toplumynyň ikisi bina ediler. Raýatlaryň dynç almagy üçin bagy-bossanly seýilgäh dörediler. Söwda we dynç alyş merkezi ilata hyzmat eder.
Bulardan başga-da, aýlawy, türgenleşik meýdançalary, manežleri we athanalary bolan Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebini, Ylmy-önümçilik merkezini gurmak hem göz öňünde tutulýar.
Şäherde dolandyryş, işewürlik, durmuş-üpjünçilik we ulag-aragatnaşyk ulgamlary hem dörediler. Bu edaralar täze iş orunlaryny döretmäge, ilatyň iş bilen üpjünçiligini has gowulandyrmaga mümkinçilik berer.

düýn 15:15
906

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.4k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......