Aşgabatda rentgen barlag enjamynyň şekillerini okamak boýunça ýöriteleşdirilen tälim okuwy geçirilýär

  • 24.08.2019 00:02
  • 5.2k+

Aşgabatda rentgen barlag enjamynyň şekillerini okamak boýunça ýöriteleşdirilen tälim okuwy geçirilýär. Bu tälim okuwy Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guraldy. Ol 19-njy awgustda başlandy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Çärä Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hem-de Içeri işler ministrligini ulag polisiýasynyň işgärleri gatnaşýarlar.
Bu okuw çäresi Türkmenistanyň Hökümetiniň ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi bilen bilelikde 2019-njy ýylda amala aşyrmaly çäreleriň meýilnamasynyň çäklerinde geçirilýär.
Ýöriteleşdirilen tälim okuwynyň maksady Türkmenistanyň howa menzillerinde howpsuzlygy güýçlendirmek hem-de işgärleriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmakdan ybarat.
Tälim okuwynyň gün tertibinde Aşgabat Halkara howa menziliniň gözegçilik geçiriş nokadynda amaly okuwlaryň geçirilmegi hem göz öňünde tutulan. Gün tertibine laýyklykda 23-nji awgustda amaly okuw geçirildi. Bu amaly okuwyň maksady gözegçilik geçiriş ýerlerde barlagy geçirmegi kämilleşdirmäge gönükdirilen. Amaly okuwyň dowamynda oňa gatnaşyjylar rentgen barlag enjamyny dolandyrmak, geçirilmegi gadagan edilen zatlary we harytlary ýüze çykarmak maksady bilen, rentgen şekillerini okap bilmek başarnygyny artdyrdylar.
Ýöriteleşdirilen tälim okuwy 30-njy awgusta çenli dowam edýär.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......