Aşgabatda boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler

  • 22.08.2019 23:09
  • 10k+

2019-njy ýylyň 5-nji sentýabrynda sagat 9:00-dan 12:00 aralygynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçilik bölümi boş iş orunlarynyň ýarmarkasyny geçirýär. Ýarmarka Aşgabat şäheriniň 2005-nji köçesindäki (Seýdi köçesiniň 12-nji jaýy) «Altyn ýyldyz» döwlet kärhanasynda geçiriler. Ony Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi Büzmeýin etrap bölümi bilen bilelikde gurnaýar, diýip «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.
Şunuň bilen baglylykda, ähli guramalar, kärhanalar, firmalar we telekeçiler garamagyndaky bar bolan boş iş orunlary hakynda 2019-njy ýylyň 30-njy awgustyna çenli maglumat bermeklige we bu ýarmarka garnaşmaga çagyrylýar.
Işe girmäge isleg bildirýänleriň ýanynda pasporty we zähmet depderçesi bolmaly.
Soraglar boýunça şu aşakdaky ýerlere ýüz tutmaly:
Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi
- Aşgabat ş. (Seýitnazar Seýdi köçesi, 3-nji jaýy) tel: 92-14-56
- Bagtyýarlyk etraby (Seýitnazar Seýdi köçesi, 3-nji jaýy) tel: 92-36-50
- Berkararlyk etraby (Seýitnazar Seýdi köçesi, 3-nji jaýy) tel: 92-67-03
- Köpetdag etraby (Seýitnazar Seýdi köçesi, 3-nji jaýy) tel: 92-21-82
- Büzmeýin etraby (Oguz han köçesi, 8-nji jaýy) tel: 33-07-39

şu gün 15:15
509

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.2k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
1.7k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
764

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......