Türkmenistanyň Prezidenti jemgyýetçilik ulaglarynyň hereketine we bankomatlaryň işleýşine degişli bellikleri etdi

  • 20.08.2019 09:58
  • 15k+

19-njy awgustda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly  iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti soňky döwürde häzirki zaman awtobuslaryny we beýleki ýolagçy ulaglaryny satyn almagyň hasabyna «Türkmenawtoulaglary» agentligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bilen bagly wezipelere döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini belledi. Pudagyň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler ýolagçylara hyzmat etmegiň derejesini we hilini ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Işleriň talabalaýyk derejede ösdürilmegine yzygiderli ähmiýet berilýändigine garamazdan, häzirki tomus möwsüminde şäher awtobuslarynyň bökdençsiz hereket etmeginiň ünsden düşürilýändigini tassyklaýan anyk maglumatlar bar diýip, döwlet Baştutany belledi. Şeýlelikde, şu tomus möwsüminde jemgyýetçilik ulaglarynyň hereketi boýunça bellenilen tertipnamalarynyň bozulan ýagdaýlarynyň bolandygyny belläp, milli Liderimiz bu işleriň günübirin düzedilmegini talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, agentligiň işini guramakda kemçiliklere ýol berendigi üçin, Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy O.Suhanowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.
Döwlet Baştutany täze okuw ýylynyň başlaýandygyny nazara alyp, mekdep okuwçylarynyň we talyp ýaşlaryň bilim edaralaryna öz wagtynda baryp bilmegi üçin awtobuslaryň hereketinde hiç hili bökdençligiň ýüze çykmazlygy babatda zerur tagallalaryň edilmelidigini tabşyrdy. Jemgyýetçilik ulaglarynda edilýän hyzmatyň medeniýetini ýokarlandyrmak, onuň halkara ülňülere laýyk gelmegi berk talap bolup durýar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Şeýle hem milli Liderimiz häzirki döwürde paýtagtymyzda giň gerimli gurluşyk işleriniň alnyp barylýandygyny aýdyp, gurluşyk kompaniýalarynyň işgärlerini gatnatmak üçin ýöriteleşdirilen ulaglaryň bolmalydygyny ýa-da degişli şertnamalary baglaşyp, şolara awtobuslary kärendä bermek meseleleri boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Şeýle hem iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň banklarynda maliýe serişdeleriniň ýeterlik mukdarynyň bardygyny aýdyp, şolaryň maksadalaýyk peýdalanylmagyny, aýratyn-da, degişli tehniki toparlaryň bankomatlaryň sazlaşykly işine gözegçiligini yzygiderli ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleriň döwrüň talaby bolup durýandygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, ýurdumyzyň banklary tarapyndan ornaşdyrylan bankomatlaryň işleýşine gözegçiligi gowşadandygy üçin Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe käýinç yglan etdi.

düýn 20:52
2.1k+

«Maşa we Aýy» multserialy doly metražly film bolar

«Maşa we Aýy» multserialynyň awtory Oleg Kuzowkow taslamanyň esasynda dörediljek ilkinji doly metražly filmiň üstünde işläp başlady. Filmiň önümçiligi bilen onuň esaslandyran Studio MiM studiýasy meşgullanar....

düýn 17:28
2.6k+

«Kagyz jaý» serialynyň täze dowamy bolar

Netflix platformasy «Kagyz jaý» (Бумажный дом / La Casa de Papel) sagasynyň wakasynyň dowam etjekdigini habar berdi, ýöne täze taslama barada giňişleýin maglumat entek ýok....

düýn 16:08
2.1k+

Emili Blant we Stenli Tuççi Holliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyzlara mynasyp boldy

Emili Blant we Stenli Tuççi Los-Anjelesdäki Holliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyzlara eýe boldy. Dabara akýorlaryň kärdeşleriniň we maşgala agzalarynyň gatnaşmagynda geçdi diýip, «People» neşiri habar......

düýn 14:43
1.5k+

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik gökdiräni — Torch Tower binasy gurulýar

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik binasy boljak «Torch Tower» diňiniň gurluşygy batly depginler bilen dowam edýär. Bu gökdirän diňe bir beýikligi bilen däl, eýsem binalaryň içerki meýdany boýunça hem dünýäde......