Türkmenistan atmosfera düşýän zyýanly zyňyndylaryň möçberini düýpli azaltdy

  • 20.08.2019 07:06
  • 6.2k+

Türkmenistanyň senagat önümçiliginde ekologiýa taýdan arassa we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryň peýdalanylmagy, şeýle hem ekologiýa ulgamynda jerimeleriň güýçlendirilmegi atmosfera düşýän zyýanly zyňyndylaryň möçberiniň düýpli azaldylmagyna getirdi. Ýurduň Statistika baradaky döwlet komitetiniň berýän maglumatlaryna görä, şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5,1 % aşak düşdi. Bu barada ORIENT agentligi habar berýär.
Daşky gurşawy goramak — ählumumy ekologiýa meselelerini çözmäge işjeň gatnaşýan we BMG-niň bu ugurdaky birnäçe konwensiýalaryny tassyklan Türkmenistandaky ykdysady özgertmeleriň aýrylmaz bölegidir.
Türkmenistanyň bu ugurda halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlygy netijesinde birnäçe milli we sebit ekologiýa taslamalary durmuşa geçirildi, şol sanda: suw serişdelerini dolandyrmak we olardan rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, tokaýlary dikeltmek, biologiki dürlüligi gorap saklamak.
2019-njy ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan ýurtdaky kärhanalaryň we guramalaryň suw, ýer serişdelerini we atmosfera howasyny goramak çäreleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça 1 857 sany barlag amala aşyryldy. Bu ugurda şeýle hem 10 238 sany awtomobil we demir ýol ulaglary, 33 sany deňiz gämileri barlagdan geçirildi.
Barlaglaryň netijesinde ýüze çykarylan kemçiliklere daşky gurşawy goramagyň kanunçylygyna laýyklykda, administratiw jerimeler salyndy. Mundan başga-da, döwlet goraghanalarynda, çäkli goraghanalarda we welaýat tebigaty goramak müdirlikleriniň garamagyndaky goraghanalarda düýpli barlaglar geçirildi.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......