Mekdepleriň ýanynda ýol gözegçilik gullugynyň eko-welosiped toparlary nobatçylyk eder

  • 18.08.2019 07:59
  • 18k+

1 — 30-njy sentýabry aralygynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» biraýlygyň çäklerinde çäreleriň giň toplumy göz öňünde tutuldy.
Meýilnama laýyklykda, sentýabr aýynyň dowamynda ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda mowzuklaýyn maslahatlar guralar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde degişli makalalar çap ediler we teleradioýaýlymlarda bu ugur boýunça gepleşikler taýýarlanylar. Ilatyň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde sürüjileriň we pyýada ýolagçylaryň sowatlylyk derejesini ýokarlandyrmak çärelerini guramak, ýol-ulag hadysalary mahalynda degişli lukmançylyk kömegini bermek we beýleki çäreler meýilleşdirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti degişli ýolbaşçylara ýurdumyzyň IIM-niň we saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri bilen bilelikde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» şygary astynda geçirilýän biraýlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Oňa giň jemgyýetçiligiň wekilleriniň işjeň gatnaşmagy wajyp bolup durýar.
Şeýle hem döwlet Baştutany ýaş nesilleriň arasynda düşündiriş işleriniň geçirilmegine ýol gözegçilik gullugynyň eko-welosiped toparlarynyň işjeň çekilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi. Türkmen Lideri şeýle toparlaryň mekdepleriň ýanynda nobatçylygyny guramagyň zerurdygyny belläp, çagalaryň arasynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça degişli işleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi. Munuň özi ýollarda hereket howpsuzlygy boýunça bilimiň, başarnygyň bitewi ulgamynyň kemala gelmegini üpjün eder.

düýn 15:15
906

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.3k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.4k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......