Türkmenistanyň gümrük gullugy harytlary daşamak bilen bagly täze kadalary girizýär

  • 18.08.2019 01:13
  • 9k+

Türkmenistanyň gümrük gullugy harytlary daşamak bilen bagly täze kadalary girizýär Türkmenistanyň içerki we serhetýaka gümrük edaralarynda utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamy ornaşdyrylýar. Bu ulgamyň T1/T2 üstaşyr moduly häzirki wagtda doly işe girizildi. Bu barada Turkmenportal Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň saýtyna salgylanyp habar berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, agzalan üstaşyr modulynyň üsti bilen Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri awtomatlaşdyrylan usulda gümrük taýdan resmileşdirilip, gümrük üstaşyry gümrük amalyna ýerleşdiriler.
Türkmenistanyň içerki we serhetýaka gümrük edaralarynda gümrük dellallarynyň işi ýola goýlan we ýük daşaýjylar gümrük dellallarynyň hyzmatyndan peýdalanyp bilerler.
Mundan başga-da, gümrük taýdan resmileşdirmegi tizleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň gümrük edaralaryna berilýän resminamalarda diňe gümrük taýdan resmileşdirmek üçin zerur maglumatlaryň (esasan hem harytlaryň ady barada) türkmen diline hem bolmagy maslahat berilýär
Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlaryň gümrük gözegçiligini güýçlendirmek we olaryň ýany bilen iberilýän resminamalaryň talaba laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, 2019-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, ýokarda görkezilen maglumatlary özünde jemleýän resminamalaryň Türkmenistanyň ugradylyş gümrük edarasyna berilmedik ýa-da ol resminamalaryň nädogry maglumatlaryň görkezilmegi bilen berlen ýagdaýlarynda, Türkmenistanyň gümrük çägi boýunça harytlary daşamak üçin gümrük üstaşyryna rugsat berilmejekdigini habar berýäris.
Has doly maglumaty Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtyndan alyp bilersiňiz.

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......