Awazada innowasion tehnologiýalaryň sergisi öz işine başlady

  • 12.08.2019 00:06
  • 14k+

11-nji awgustda Türkmenbaşy şäherinde Hazar innowasion tehnologiýalarynyň we «Türkmen sährasy — 2019» halkara sergileri öz işine başlady. Sergiler birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde gurnaldy.
Sergiler hazarýaka döwletleriniň we olaryň hyzmatdaşlarynyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini şöhlelendirmäge gönükdirildi.
Sergide daşary ýurt kompaniýalarynyň 57-siniň we ýerli kompaniýalaryň 62-siniň diwarlyklary ýerleşdirildi. Onuň umumy meýdany 13,7 müň inedördül metre barabardyr. Sergä daşary ýurtly gatnaşyjylaryň hatarynda — «Thales», «Hyundai», «CNPC», «Petronas», «LG», «Schlumberger», «Dragon Oil», «Bouygues», «John Deere», «Itochu», «Zeppelin», «Vinci», «Sumitomo», «Huawei», «General Electric» we beýlekiler bar.
«Türkmen sährasy — 2019» awtomobil sergisinde «Azermaş» azerbaýjan awtomobil zawodynyň «Khazar» kysymly ýeňil awtomobili, «Iran Hodra» eýran awtoulaglary, «UzAuto Motors» özbek awtoulaglary, «МАЗ» belarus awtoulaglary, «Mercedes», «Volkswagen», «BMW», «Audi» german awtoulaglary, «Toyota», «Lexus», «Mitsubishi», «Mazda» ýapon awtoulaglary, «Hyundai» koreý we hytaýlaryň «Yutong» awtoulaglary görkezildi.
Sergide «Bentley» kysymly kaşaň hem rahat iňlis awtoulagy, «Lamborghini» kysymly gymmatbahaly italýan awtoulagy görkezildi.
Awtoulaglardan başga-da, sergide 1966-njy ýylda öndürilen «Chrysler» kysymly raritet motosikli hem-de iň häzirki zaman welosipedleri görkezildi. Pawilýonda jemi 70-den gowrak awtomobil ýerleşdirildi.
Hazar innowasion tehnologiýalarynyň sergisiniň çäklerinde birža söwdalary gurnaldy. Onda Türkmenistanda öndürilen önümleri görkezildi. Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan geçirilen söwdalara ýüzden gowrak daşary ýurt kompaniýalary gatnaşdy.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......