Awazada awtomatlaşdyrylan usulda welosipedleri kärendesine berýän beketler gurnaldy

  • 10.08.2019 21:29
  • 10k+

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, bu ýerde dynç alýanlara hödürlenilýän hyzmatlaryň üsti dürli kysymly welosipedleri kärendesine bermek hyzmaty bilen ýetirildi. «Awazanyň» çäklerinde welosipedleri kärendesine bermek boýunça birnäçe beket döredildi, olaryň awtomatlaşdyrylan ulgamy we bu ýerde gurnalan ýörite enjam Gün batareýalaryndan alynýan energiýanyň hasabyna işleýär. Döwlet Baştutanymyz beketleri işletmegiň ulanylýan usullary bilen tanyşdy we olary oňlap, beketleri ekologiýa talaplaryna doly kybap gelýän «Ekowelosiped bekedi» diýip atlandyrylsa maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Soňky ýyllarda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda ýurdumyzda welosiped sportunyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz ekologiýa taýdan arassa diýlip ykrar edilen sportuň bu görnüşiniň barha uly meşhurlyga eýe bolýandygyny belläp, hyzmatlaryň şeýle görnüşlerini yzygiderli ýola goýmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu ýerde ilata edilýän hyzmatlar üçin häzirki zaman töleg ulgamynyň ornaşdyrylandygyny bellemek gerek, munuň özi olaryň hilini ýokarlandyrmaga hem-de peýdalanyjylar üçin amatly şertleriň üpjün edilmegine ýardam berer.

01.06.2026 13:04
2.8k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.7k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......

24.05.2026 16:01
4k+

Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar......

24.05.2026 14:30
1.9k+

Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga......