Awtoulag saýlamak boýunça maslahatlar

  • 09.08.2019 12:39
  • 15k+

Awtomobil satyn almak isleýän her bir adamda bu babatda dürli soraglar ýüze çykyp biler. Mysal üçin, awtoulag satyn aljak bolanyňda nämä üns bermeli ýa-da haýsy awtomobil nähili aýratynlyklara eýe? Eger-de awtomobiliň täzesinimi ýa-da ulanylanyny satyn almaly diýen meselede kynçylyk çekýän bolsaňyz, bu makalamyz size ýardam edip biler.
Awtomobil satyn almak
Bazarda hödürlenilýän awtomobiller bilen tanyş bolnandan soňra, bu günki günde bazarda olaryň dürli hili modellerini tapyp bolýandygyna göz ýetirýärsiň. Adamlaryň aglaba bölegi täze awtomobil almak islese, beýleki bölegi ulanylan awtoulag satyn almak isleýär. Täze awtomobil satyn almagyň dürli hili artykmaçlyklary bar. Olar has ygtybarly bolýar. Şol bir wagtda hem olar satyn alnanda olara hyzmat işleri kepillendirilýär. Nyrh babatda aýdylanda, elbetde, ol ep-esli ýokary bolup biler. Täze awtomobiliň bahasy bary-ýogy birnäçe ýyldan 30% arzanlaýar. Belki-de hut şonuň üçin ulanylan awtoulag almak maksadalaýyk bolar.
Awtoulagy nädip saýlamaly?
Eger-de siz ulanylan awtomobil satyn almak isleýän bolsaňyz, onda uzak aralygy geçen ulagy satyn almakdan saklanmak maslahat berilýär. Hatda şol ulag has meşhur modele degişli bolsa hem mundan saklanmaly. Çünki, bu awtomobili yzygiderli ýagdaýda ussa görkezmek zerurlygy ýüze çykyp durar. Bejerginiň bahasy hem arzan bolmaz.
Oňa derek, ulanylan awtoulagy satyn almakçy bolanyňda, üns berilmeli esasy zat — awtomobil ulanylanda ol näçeräk ýangyç suwuklygyny sarp edýär. Köplenç ýagdaýda adamlar awtomobili satyn alyp, ony saklamak üçin näçe serişde sarp ediljekdigi hakynda oýlanmaýarlar. Şonuň üçin hem ulag serişdesini satyn almazdan öň, hökmany suratda ony saklamak üçin näçe wagtyň hem serişdäniň sarp ediljekdigini anyklamaly.
Awtomobili satyn aljak bolanyňda üns bermeli zatlaryň biri hem sen awtomobili nähili şertlerde ulanmak isleýärsiň. Eger-de siz ony şäher içinde ulanmak isleýän bolsaňyz, onda parkowkada ýerleşdirmek, ykjamlyk we az serişde sarp etmek nukdaýnazaryndan kiçi litrli ulag serişdelerini saýlamak has maksadalaýykdyr. Eger-de siziň maşgalaňyz örän uly bolup, siz awtoulag bilen yzygiderli şäher daşyna gitmegi meýilleşdirýän bolsaňyz — onda awtomobilleriň — hetçbek, uniwersal, krossower ýaly modellerine üns bermeli.
Umuman, bu klasdaky awtomobillere has köp adam ýerleşýär we olar uzak aralyga gitmek üçin hem amatlydyr. Şol bir wagtda hem hetçbekleriň, uniwersallaryň, krossowerleriň içinde serwis hyzmatlarynyň o diýen arzan dälleriniň bardygyny bellemeli. Awtoulagy satyn almazdan ozal, şol modeldäki awtomobilleriň ätiýaçlyk şaýlarynyň bahasynyň näçedendigini anyklamaly.
Awtosürüjileriň içinde awtomobiliň markasynyň näderejede meşhurdygy hem möhüm rol oýnap biler. Awtomobilleriň haýsyny saýlasaň, oňat boljakdygy dogrusynda oýlanyp görüň. Adamlaryň aglabasy hytaý ýa-da koreý kompaniýalarynyň awtomobillerini satyn almakdan saklanýarlar. Ýöne şol bir wagtda soňky 5-10 ýylda bu ýurtlarda öndürilýän awtomobilleriň hiliniň ep-esli ýokarlanandygyny aýratyn bellemeli.
Ýewropa ýurtlarynyň, şeýle hem Ýaponiýanyň brendleri hemişe hem öňki hatarda durýar. Awtosöýüjileriň aglabasy meşhur awtomobilleri soňlugy bilen gymmat bahadan satyp boljakdygyny oňat bilýärler.
Ulag serişdesi saýlanylanda onuň tehniki häsiýetnamasyny bilmek hökmanydyr. Onuň hereketlendirijisiniň häsiýetnamasyny bilmek zerurdyr. Kuwwatlylygy boýunça tapawutlanýan hereketlendirijiler ulanylan awtomobiliň bahasyna gönüden-göni täsir edýär. Eger-de siz bir ýylda 50 müň kilometr geçmeýän bolsaňyz, onda dizel motorly görnüşleri saýlap bolar.
Maşyn satyn almazdan ozal, awtomobilleriň islendik goşmaça tehniki aýratynlyklaryny we funksiýalaryny öwrenmek hökmanydyr. Maşyn satýan adamlaryň diňe sözüne ynanmaly däldir. Çünki olaryň ýeke-täk maksady — awtoulagy tiz wagtda satyp, pul almakdyr. Şonuň üçin hem olar size awtomobil hakynda ähli hakykaty aýtman biler. Eger-de satyn almak isleýän awtomobiliňiziň aýratynlyklaryny özbaşdak öwrenip barsaňyz, onda özüňize uzak wagtlap bökdençsiz hyzmat etjek awtomobili saýlap bilmek mümkinçiligiňiz ýokarydyr.

14.12.2025 12:23
5.5k+

«Baky Tylla» bilim merkezi: geljekki çempionlar üçin ýol açylýar

Häzirki zaman sanly dünýäsinde üstünlik gazanmak, diňe bir tehnologiýany ulanmagy däl, eýsem ony döretmegi we çylşyrymly meseleleri çözmegi başarmagy talap edýär. «Baky Tylla» bilim merkezi hut şu maksat bilen, ýaş zehinleriň gizlin mümkinçiliklerini açmak we olary dünýä derejesindäki hünärmenler edip ýetişdirmek üçin hereket edýär...

10.12.2025 09:30
196k+

“Bedew Elektronikada” -10%; -20%; -30%-e çenli arzanlaşyklar dowam edýär

Täze ýylda özüňe hem sowgat alyp begendirmeli däl diýip kim aýdypdyr?! “Bedew Elektronika” dükanynda hojalykda ulanyp boljak tehnikalaryň giň toplumyna Täze ýyl arzanlaşygy dowam edýär. Özüňize we ýakynlaryňyza hojalykda işiňizi ýeňilleşdirjek dürli görnüşli tehnikalary amatly bahadan satyn almak üçin mümkinçilikden peýdalanyň...

05.12.2025 10:23
113k+

“Bedew Elektronikada” Täze ýyl arzanlaşygy başlady: Android TV-ler, gazplitalar, pylesoslar...

Täze ýylda ýakynlaryňa näme sowgat etmeli diýip oýlanýanlar üçin “Bedew Elektronika” dükany amatly teklip hödürledi. Dekabryň tutuş dowamynda dükanda Täze ýyl arzanlaşyk aksiýasy hereket edýär. Aksiýanyň barşynda Android telewizorlar, peçler, gazplitalar, et maşynlar, pylesoslar we başga-da köp sanly tehnikalary has elýeter bahadan alyp bolar...

02.12.2025 18:31
131k+

Banka girew goýmakçy bolýan emlägiňize baha kesmelimi? "Şowly baha" HK baha kesmek hyzmatyny hödürleýär

BAHA KESMEK NÄME ÜÇIN GEREK? Ýönekeý dilde aýdylanda... Mysal üçin, islendik adam belli bir maksat bilen bankdan dürli möçberdäki pul serişdelerini karz almak isleýär. Bank bolsa munuň üçin girew soraýar. Bu ýagdaýda raýata özünde bar bolan emlägini (gozgalýan we gozgalmaýan) girew goýmak üçin şonuň bazar bahasyny çykarmaly bolýar...