Türkmen halylary «Amazon» we «Mercari» internet magazinlerinde satylyp başlandy

  • 08.08.2019 16:16
  • 4.3k+

Dubaýda (BAE) «Al Fattan Shopping Centre» söwda merkeziniň binýadynda türkmen halylaryny, dokma we sowgatlyk önümlerini satmak bilen meşgullanýan «Berkarar General Trading LLC» türkmen kompaniýasy Amazon we Mercari internet söwda magazinlerinlerine önümlerini çykardy, diýip ORIENT agentligi habar berýär.
Birleşen Arap Emirliklerinde we Ýaponiýada türkmen halylary uly meşhurlykdan peýdalanýar. Bu ýurtlardan Türkmenistana dynç almaga gelýän syýahatçylar hökmany suratda ýanlary bilen gölli ýüpekden ýa-da ýüňden taýýarlanan «sowgatlyklary» alyp gaýdýarlar. Kimdir biri bir inedördül metrden uly bolmadyk halyçany alyp gitse, ýene birleri 30 inedördül metrden gowrak halyny alyp gidýärler. Indi türkmen halylaryny onlaýn görnüşde sargyt edip alyp bolýar. Satyn alnan halylar müşderä amatly usul arkaly iberilýär.
Täze onlaýn magazinler häzirki wagtda diňe BAE-niň we Ýaponiýanyň domenlerinden — Amazon.ae, Amazon.co.jp we Mercari.com/jp domenlerde elýeterlidir. Ýöne kompaniýa geljekde «Made in Turkmenistan» önümleriniň dürli görnüşlerini internet arkaly tutuş dünýä ýaýratmagy meýilleşdirýär.
«Berkarar General Trading LLC» kompaniýasynyň türkmen halylaryny satýan öz saýty bar. Ýöne iri halkara marketpleýslerde önümleriň ýerleşdirilmegi müşderiler tarapyndan gözlegleri we olar bilen özara gatnaşygy ýeňilleşdirýär. Söwda prosesi hem has ýönekeýleşýär — söwda platformalarynda tölegiň dürli görnüşleri arkaly geçirip bolýar, tehniki golda we kadalar ulgamy hereket edýär.
Öňräk «Berkarar General Trading LLC» kompaniýasy dünýäniň iň iri söwda internet-magazini bolan «Alibaba» saýtynda türkmen halylarynyň halkara söwdasyny ýola goýupdy.

şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.1k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
948

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......