«Türkmenhowaýollary» Astrahandan Türkmenistana iki sany howa gatnawyny açdy

  • 08.08.2019 15:46
  • 5.2k+

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy şu ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Astrahanadan Türkmenistana çenli iki sany göni howa gatnawyny ýola goýdy, diýip Türkmenistanyň Astrahandaky konsullyk gullugynyň resmi saýty habar berýär.
Howa gatnawlarynyň tertibi:
Aşgabat-Astrahan, 10.08.2019
Astrahan-Türkmenbaşy, 10.08.2019
Türkmenbaşy-Astrahan, 13.08.2019
Astrahan-Aşgabat, 13.08.2019
Awiabiletleri Türkmenistanyň awiakassalarynyň, şeýle hem «Аэрокомфорт» we ITM Group rus kompaniýalarynyň üsti bilen alyp bolar.
Çäklerinde halkara maslahaty, innowasion tehnologiýalaryň, maşyn gurluşykda dünýäniň gazananlarynyň sergisiniň görkezilişi geçiriljek Hazar ykdysady forumy Hazar deňzinde ykdysady, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygyna täzeçe itergi bermäge, deňzi Ýewraziýada täze geoykdysady giňişligi emele getirmekde möhüm orun eýeleýän halkara ähmiýetli iri ulag-üstaşyr merkeze öwürmäge gönükdirilendir.

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......