Harby gullukçylar halas edijileriň türgenleşiklerini öwrenýärler

  • 03.08.2019 22:59
  • 5.8k+

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň harby gullukçylary ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň arasynda ýygy-ýygydan okuw sapaklaryny geçirip, olara halas edijileriň esasy aýratynlyklaryny öwredýärler. Bu okuw sapaklarynyň esasy maksady esgerleri gulluk wagtlarynda we ätiýaja gidenlerinden soň duýdansyz, adatdan daşary ýagdaýlarda howsala düşmän dogry hereket etmäge taýýarlamaga gönükdirilendir. Bu barada «Milli goşun» saýty habar berýär.
Okuw-türgenleşiginde ussat halas edijileriň ulanýan tejribe tärlerine we «tehniki howpsuzlyk» diýen düşünjä has köp üns berilýär. Olaryň geçirilýän wagty tejribeli hünärmenler dürli adatdan daşary ýagdaýlary mysal getirip, şeýle ýagdaýlarda harby gullukçylara özlerini nädip alyp barmalydygyny we nähili hereket etmelidigini düşündirýärler.
Okuw-türgenleşiginde biziň ýurdumyzda gurulýan ýaşaýyş jaýlarynda, ýörite we önümçilik desgalarynda hemme howpsuzlyk kadalarynyň nazara alynýanlygy, dünýäniň iň gowy tejribesiniň ulanylýanlygy aýratyn nygtalýar. Adatdan daşary ýagdaýlaryň dörän ýagdaýynda halas ediji gulluklaryň sazlaşykly işi üçin zerur bolan çäreleriniň ählisi yzygiderli geçirilýär.

şu gün 15:15
509

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.3k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
1.7k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
764

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......