Zyýaratçylaryň haj parzyny berjaý etmekleri üçin ýörite howa gatnawy gurnalar

  • 03.08.2019 02:25
  • 8.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti 2019-njy ýylyň 5 — 25-nji awgusty aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 160 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek hakynda Buýruga gol çekdi.
Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin «Boeing —737 — 800» kysymly uçaryň ýörite gatnawyny «Türkmenhowaýollary» agentliginiň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmak tabşyryldy.
Zyýaratçylaryň mukaddes ýerlere baryp zyýarat etmekleri üçin Türkmenistanda ýylyň-ýylyna ýörite howa gatnawlary ýola goýulýar. 2018-nji ýylda mukaddes Mekke we Medine topraklaryna ýurdumyzdan 153 adam zyýarat edipdi.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......