«Türkmenhowaýollary» Hazar forumyna gabatlap goşmaça howa gatnawlaryny ýola goýar

  • 30.07.2019 07:43
  • 9.4k+

6-14-nji awgust aralygynda «Türkmengowaýollary» gullugy Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşyjylary gatnatmak üçin goşmaça çarter gatnawlaryny ýola goýar. Bu barada ORIENT habarlar agentligi habar berýär.
Şol döwürde foruma gatnaşyjylar üçin Stambuldan (Türkiýe) Türkmenbaşy şäherine üç sany, Türkmenbaşydan Stambula çenli bolsa, iki sany göni howa gatnawy ýerine ýetiriler. Ýene-de bir täze ugur Astrahan bilen Türkmenbaşy şäherleriniň arasynda ýola goýlar.
Birinji Hazar ykdysady forumy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Garaşylyşy ýaly, bu iri möçberli hadysa Hazar sebitinde we onuň çäklerinde daşarda söwda-ykdysady, energetiki, ulag, syýahatçylyk we beýleki möhüm ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam eder.
Foruma Hazarýaka döwletleriniň wekiliýetleri, ykdysady toplumyň ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylar, halkara guramalarynyň wekilleri, ylmy işgärler gatnaşar. Şeýle hem foruma daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......