Türkmenistanda harby bilim sanly ulgama geçirilýär

  • 30.07.2019 06:16
  • 6k+

Diňe goranyş häsiýetli Harby doktrina esaslanýan ýurdumyzda harby bilimiň kämilleşdirilmegine, giň dünýägaraýyşly ýokary hünär derejeli serkerdeleriň taýýarlanmagyna uly üns berilýär. Şu nukdaýnazardan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň okuw meýilnamasy tapgyrlaýyn sanly ulgama geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» elektron neşiri habar berýär.
Geçen okuw ýylynda bu ýokary okuw mekdebiniň ähli binalarynda ýerleşýän kompýuterler bir bitewi lokal tor bilen birikdirildi. Bu toruň kömegi bilen institutyň mugallymlary we harby talyplary aňsatlyk bilen uly göwrümli maglumatlara aralaşyp, okuw meýilnamasyny yzarlap, resminamalaryň, kitaplaryň we okuw materiallarynyň toplumyny ulanyp bilýärler. Täze toruň döredip beren ähli mümkinçilikleri okuw prosesiniň çäklerinde ulanylýar.
Ýokarda agzalan toruň we onuň üstüni ýetirýän programma üpjünçiliginiň zehinli harby talyplar we olaryň mugallymlary tarapyndan ýerine ýetirilendigini aýratyn belläp geçmelidir.

düýn 20:41
1.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.8k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......