Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglary badalga aldy

  • 28.07.2019 01:38
  • 7.9k+

Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglary başlandy. 2019-njy ýylda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine 12 242 talyp kabul etmek meýilleşdirilýär, şol sanda 8 054 adam tölegli esasda bilim alar. Bu barada 27-nji iýulda «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.
Synag geçýän auditoriýalarda ýörite wideokameralar oturdyldy. Isleg bildirýänler synagyň geçişine okuw mekdebiň çäginde oturdylan ekranlardan tomaşa edip bilerler.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyz boýunça ilki bolup talyp diýen ada Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetine giriş synaglaryny üstünlikli tabşyran dalaşgärler eýe bolarlar. Bu ýokary okuw mekdebinde giriş synaglary awgust başlanmanka tamamlanar.
1-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 1-nji ýyl talyplarynyň atlary mälim bolar. Biraz soňra talyp şahadatnamalaryna Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Türkmenistanyň çeperçilik akademiýasynyň hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň wekilleri eýe bolar.
Şu ýylky giriş synaglary möwsüminde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde 33 hünär artdy. Täze hünär ugurlary boýunça dalaşgärler D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda, Türkmen döwlet maliýe institutynda, Türkmen oba hojalyk institutynda, Türkmen döwlet energetika institutynda, Türkmen döwlet medeniýet institutynda, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde alynýar.
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde — amaly matematika we informatika; öýjükli we malekulýar biologiýa; genetika we bioinžinerçilik; himiki inženerçilik; sanly ykdysadyýet; sanly infrastruktura we kiber howpsuzlyk; mobil we tor inženerçiligi; animasiýa we grafiki dizaýn; innowasion ykdysadyýet; personaly dolandyrmak; häzirki zaman tehnologiýalarynyň fizikasy ýaly hünärler döredi.
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda — maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; programma inžinerçiligi; kompýuter ulgamlarynyň programma üpjünçiligi; amaly informatika; biznes-informatika; maglumat howpsuzlygy; senagat elektronikasy; elektron howpsuzlyk ulgamlary ýaly hünärler peýda boldy. Ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdeplerinde hem bilim almaga köpsanly dalaşgär isleg bildirdi.
Ýurdumyzyň tutuş çäginde dürli ugurlara degişli orta hünär okuw mekdepleriniň ulgamy hereket edýär. Olar maliýe-ykdysady, bank, gurluşyk, lukmançylyk, mugallymçylyk, medeniýet we sungat, nebitgaz, energetika, söwda, oba hojalygy, neşirýat işi, syýahatçylyk, deňiz we demir ýol ulagy, howa ulaglary ýaly ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlaýarlar.
Umuman, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglary awgust aýynyň 17-sine çenli dowam eder.

düýn 20:41
1.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.8k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......