Öýüňizde gazyň ysy ýüze çykan ýagdaýynda näme etmeli we nirä jaň etmeli?

  • 20.07.2019 18:55
  • 5.3k+

Dürli desgalary ulanmagyň möhüm şertleriniň biri hem elektrik we ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň berjaý edilmegidir. Bu ilkinji nobatda ilatyň ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan bölegine degişlidir.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda tomsuň iň yssy möwsümi dowam edýär. Bu möwsümde howply ýangyn döremeleriniň öňüni almak maksady bilen, raýatlaryň hojalykda berjaý etmegi hökmany bolan howpsuzlyk kadalaryny siziň dykgatyňyza ýetirýäris. Bilşiňiz ýalyň öý hojalykdalarynda iň täze tehniki serişdelerden peýdalanylýar. Bular el zähmetini ýeňilleşdirýän gap ýuwýan we kir ýuwýan maşynlar, kondisionerler, elektrik plitalar, mikro tolkunly peçler, elektrik çäýnekler, ütükler, sensorly telewizorlar, wideo we zarýad beriji enjamlar, tozan sorujylar, boýlerler we başga-da köp sanly enjamlar. Elektrik enjamlar oturdylanda kabele aşa artykmaç kuwwat düşende awtomatik ýagdaýda öçürmek üçin ätiýaçlandyryjyny ulanmak hökmanydyr. Ýokarda sanalyp geçilen enjamlaryň ählisi aşa köp energiýa sarp edýär we şonuň üçin hem şol enjamlaryň ählisi elmydama gözegçilik astynda saklanmalydyr. Enjamlaryň artykmaç gyzmagynyň, uçgun syçramagynyň öňüni almak üçin ştepselleriň rozetkalary jebis oturmagy hökmanydyr. Simleriň ähli ýeri abat bolup, bölünen ýa-da izolenta bilen berkidilen bolmaly däldir. Enjamlaryň uzak wagtlap hyzmat etmegi üçin simlere artykmaç agram salmaly däl, gerek bolmadyk enjamlary öçürmeli.
Gaz enjamlary ulanylanda penjireleri açyk ýagdaýda saklamaly, gaz plitanyň üstünde bolsa hökmany surat wytişka oturdylmaly. Kada laýyklykda, gaz turbalary polatdan edilen bolmaly. Wytişkanyň işleýşini yzygiderli ýagdaýda barlap, ony arassalap durmak hökmanydyr.
Nahar taýýarlap başlamazdan ozal, konforkalaryň iş ýagdaýyny barlamaly. Munuň üçin ilki bilen otluçöpi otlamaly we diňe şondan soň konforkany açmaly. (tersine däldir!). Konforkalaryň ählisi deň-derejede ýanmalydyr. Gazyň ýanyp duran gözüne suwuklyk guýmak hem gadagandyr, ýogsam, ol öçüp, öýüň içine gaz ýaýramagy mümkin. Gazplita ulanylyp bolnandan soň, hökmany suratda gaz berýän esasy turbany ýapmaly.
Eger-de öýüň içinde gazyň ysyny duýsaňyz, 04 belgi arkaly gaz hojalygynyň nobatçy işgärini çagyryň. Şunda uçgun döredip biläýjek ähli elektrik enjamlary we gaz enjamlaryny öçürmek hökmanydyr. 
Hormatly raýatlar! Açyk ýangynda näsazlyklary özbaşdak düzetjek bolmak gadagandyr. Hojalyk enjamlaryny gözegçiliksiz galdyrmaly däl. Şeýle hem gyş möwsüminde öýi ýylatmak maksady bilen gaz enjamlaryndan peýdalanmak gadagan edilýär. Bu diňe bir wagtlyk üçin zyýanly bolman, eýsem, ýangyn hem döredip biler. Galybser-de, gaz enjamlarynyň golaýynda ýatmak ýa-da oturmak gadagandyr. Adatdan daşary ýagdaýdalarda ýörite hünärmeni çagyryň, çünki diňe ol sabyn köpürjigi arkaly gazyň nirden syzýandygyny bilip biler. Öýden ýa-da iş ýeriňizden gaýdanyňyzda, elektrik we gaz enjamlarynyň ählisiniň öçürilendigini anyklaň.
Hormatly watandaşlar! Elektrik energiýasyny, gazy, suwy tygşytly ulanyň! Olar biziň baýlygymyzdyr.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet Ýangyn howpsuzlyk gullugy
Habar  «Нейтральный Туркменистан» gazetinde neşir edildi.

27.01.2026 21:02
11k+

Iş berijileriň hem iş gözleýänleriň dykgatyna: Aşgabatda boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler

2026-njy ýylyň 4-nji fewralynda Aşgabat şäherinde boş iş orunlarynyň ýarmarkasy guralar. Çäre Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi tarapyndan guralýar. «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň habar bermegine görä, sergi sagat 09:00-dan 12:00-a çenli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda geçiriler...

19.01.2026 16:16
11k+

Biznes çykdajylaryny nädip azaltmaly we satyn alşy nädip çaltlandyrmaly: ALSAT.com.tm-de 5 peýdaly mümkinçilik (23 000+ haryt)

Üpjün edijileri gözlemek üçin näçe wagtyňyz gidýär?
  Soňky pursatda gyssagly satyn alyşlar, nädogry haryt, üstesine-de logistika… näçe pul gidýär? Gysgaça aýtsak: gaty köp.
 Dogrusy: şeýle işlemek indi hiç kime ýaramaýar...

18.01.2026 15:07
3.2k+

“Ýönekeý” Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okamak isleýänler üçin amatly şertleri hödürleýär

“Ýönekeý” kompaniýasy Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okamak isleýänler üçin amatly tekliplerini hödürleýär. Ýurdumyzda isleg bildirilýän ugurlar boýunça dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetlerine okuwa girmek isleýänleri hasaba almak işleri dowam edýär...

12.01.2026 17:01
4.7k+

IT NOKADY merkezinde IT-okuwlarynyň täze tapgyr açyldy: okuwlar 28-nji ýanwarda başlaýar

«IT NOKADY» okuw merkezi ýurdumyzda iň köp isleg bildirilýän IT-ugurlary boýunça täze okuw tapgyryny yglan edýär. Okuwlara 28-nji ýanwarda başlamak meýilleşdirilýär. Frontend programmirleme okuwlary Frontend programmirleme kursy döwrebap, ulanmaga amatly we wizual taýdan özüne çekiji web-interfeýsleri döretmegi öwretmäge gönükdirilendir...