Harby-lukmançylyk fakulteti dalaşgärleriň resminamalaryny kabul edýär

  • 16.07.2019 07:20
  • 6.9k+

Ýurdumyzda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden okuw resminamalaryny kabul ediş möwsümi dowam edýär. Ýokary okuwlaryň biri hökmünde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby lukmançylyk fakultetini görkezmek bolar.
Ýaş oglanlaryň ýüzlerçesi «Harby lukmançylyk» hünär ugruna gyzyklanma bildirip, uly höwes bilen lukmançylyk ýokary okuw mekdebine resminamalaryny tabşyrýarlar. Bu fakultetde bilim almak bilen olar «Bejeriş-öňüni alyş işi» hem-de «Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek işi» hünärlerini ele alyp bilerler. Mundan başga-da olar hökmany suratda daşary ýurt dillerini (iňlis dili, nemes dili, rus dili) öwrenýärler we soňky döwrebap lukmançylyk enjamlarynda netijeli işlemegiň inçe syrlaryny ele alýarlar.
Biologiýa, himiýa we Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça synaglardan daşary, geljekki lukman-harby talyplary 100 metr hem-de 3 kilometrlik ylgaw we göwräňi çekmek ýaly beden taýýarlygy boýunça möçbernamalary tabşyrmaly.
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine 2019-njy ýylyň 21-nji iýulyna çenli okuwa girmek üçin resminamalary tabşyryp bolar. Synaglardan üstünlikli geçen harby talyplar Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan harby talyplar üçin bellenen möçberde gündelik we meýdan eginbaşlar hem-de durmuş serişdeleriniň, goş emläkleriniň degişli görnüşleri, okuw döwründe iýmit, talyp haky, eginbaş, umumyýaşaýyş jaýy, şeýle hem durmuş serişdeleriniň ähli görnüşleri bilen Türkmenistanyň Kanunçylygyna laýyklykda üpjün ediler, diýip Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli Goşun» elektron neşiri habar berýär.

düýn 20:41
1.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.8k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......