Şäher häkimliginde «Aşgabat-siti» taslamasy tanyşdyryldy

  • 15.07.2019 08:37
  • 15k+

Aşgabat şäher häkimliginde ugurdaş ministrlikleriň we edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň hünärmenleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň işewür wekilleriniň gatnaşmagynda «Aşgabat-siti» taslamasynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Tanyşdyrylyşyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar bu taslamanyň aýratynlyklaryny we ony durmuşa geçirmäge laýyk gelýän esasy inžener-tehniki gurallary ara alyp maslahatlaşdylar.
«Aşgabat-siti» «şäher içinde şäher» ýörelgesi boýunça taslanylandyr. Ol Aşgabat şäher häkimliginiň, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gurluşyk kompaniýalarynyň taslamaçylary, binagärleri, dizaýnerleri, şeýle hem Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary tarapyndan işlenip düzüldi. 
Aşgabat şäher häkimliginde görkezilen maket taslamadaky her bir desgany, onuň binagärlik we bezeg aýratynlygyny jikme-jik ýagdaýda synlamaga mümkinçilik berýär. 200 binadan gowrak bolan ägirt uly toplumy gurmaga bölünip berlen umumy meýdan 744 gektara barabardyr. Dürli belentlikdäki — 12 gatdan 35 gata çenli diňe ýaşaýyş jaýlarynyň 180 sanysyny gurmak maksat edinilýär. Şolardaky öýleriň sany 17 müň 836 bolar. Umuman, tutuş etrap 107 müňden gowrak ilata niýetlenendir. 
Täze şäheriň hödürlenen taslamasynda etrap häkimliginiň hem-de beýleki döwlet edaralarynyň binalarynyň, 3 müň orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň 4-siniň we körpeleriň 1200-sini kabul etmäge niýetlenen çagalar baglarynyň hem 4-siniň, şeýle hem Türkmen milli konserwatoriýasynyň we Daňatar Öwezow adyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň binalarynyň gurulmagy göz öňünde tutulýar.
Ýaşaýyş toplumy jaýlaryň sekiz görnüşini öz içine alýar: her birinde 150 öý boljak 15 gatly binalaryň ikisi, her biri 54 öýli 12 — 15 gatly binalaryň 42-si, her biri 40 öýli 20 gatly binalaryň 12-si, 88 öýli 21 — 23 gatly jaýlaryň 56-sy hem-de her birinde 88 öý boljak şeýle gatly binalaryň 36-sy, daşky keşbi bilen tapawutlanýan, her birinde 75 öý ýerleşjek 25 gatly jaýlaryň 16-sy, 140 öýli 35 gatly binalaryň 4-si hem-de her birinde 136 öý ýerleşjek 33 — 35 gatly binalaryň 12-si bolar.

şu gün 00:03
1.2k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
1.1k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
513

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
1.1k+

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......