Azerbaýjana Aziýa sebitinde Türkmenistandan iň köp syýahatçy barýar

  • 13.07.2019 12:21
  • 6.9k+

2019-njy ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Azerbaýjana daşary ýurtlardan 1,4 million syýahatçy bardy. Bu görkeziji 2018-nji ýylyň degişli görkezijisi bilen deňeşdirilende 86 müň adam ýa-da 6,5 % köpdür, diýip ORIENT agentligi AzerNews agentligine salgylanyp habar berýär. 
Azerbaýjana baryp görýän syýahatçylaryň ýarysyndan gowragy Russiýanyň we Gruziýanyň paýyna düşýär. Hususan-da, Russiýadan barýan syýahatçylar 414 müň adam (ösüş 2,6 göterim), Gruziýadan barýan syýahatçylar bolsa, 342 müň adam (22,8 göterim) boldy. Türkiýeden Azerbaýjana barýan syýahatçylaryň akymy birinji ýarymýyllykda 147,7 müň adama ýetdi (ösüş 3,7 göterim).
Aýratyn hem Aziýa ýurtlaryndan barýan syýahatçylaryň sany düýpli artdy — 38 %. Umuman, bu görkeziji 54 müň adama ýetdi. Aziýa sebiti boýunça iň ýokary görkeziji Türkmenistana degişli — ösüş 85% bolup 21 müň syýahatçy.
Deňeşdirmek üçin: Hindistandan Azerbaýjana 27 müň syýahatçy (ösüş 80,2%), Pakistandan – 19 müň (24,4%), Gazagystandan – 20 müň syýahatçy (15,1%).
Wiza bermekligiň ýeňilleşdirilmegi Azerbaýjanda syýahatçylygyň ösmeginde möhüm orun eýeledi. Häzirki wagtda birnäçe ýurduň raýatlary wizany gönüden-göni azerbaýjan howa menzilinde alýarlar. Beýleki käbir ýurtlaryň syýahatçylary bolsa, onlaýn syýahatçylyk wizalaryny alyp, ýurda baryp bilýärler diýip, AzerNews habar berýär.

01.06.2026 13:04
2.8k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.7k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......

24.05.2026 16:01
4k+

Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar......

24.05.2026 14:30
1.9k+

Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga......