2019-njy ýylda Watan harmanyna 1 mln 650 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryldy

  • 10.07.2019 09:40
  • 3.6k+

 
Türkmenistanyň gallaçylary Watan harmanyna 1 million 650 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler.
2019-njy ýylda ýurdumyzda 760 müň gektar meýdana bugdaý ekildi. Galla oragynyň gyzgalaňly möwsüminde dünýäniň meşhur önüm öndürijileri bolan «CLAAS», «John Deere», «Case», «New Holland» kompaniýalarynyň galla ýygnaýan kombaýnlarynyň 2 müňe golaýy işledildi. Bu döwrebap tehnikalar gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz işläp, ekerançylara ýetişdirilen bol hasyly ýitgisiz hem-de çalt ýygnap almaga ýardam etdi.
Dürli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan berlen ýük maşynlarynyň 10 müňden gowragy bugdaýyň kabul ediş bölümlerine, ammarlara we elewatorlara daşalmagyny üpjün etdi.
Galla oragy möwsüminde göçme abatlaýyş-mehaniki toparlaryň ýüzlerçesi gije-gündiziň dowamynda gallaçylara hyzmat edip, olary zerur bolan ähli zatlar — ýangyç, çalgy ýaglar, tehnikalar üçin ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etdi.
Meýdan düşelgelerinde galla oragyna gatnaşýan mehanizatorlar, sürüjiler we beýleki işgärler üçin oňaýly durmuş şertleri döredildi, medeniýet işgärleriniň çykyşlary, ykjam söwda nokatlarynyň işi guraldy.

şu gün 15:15
509

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.2k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
1.7k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
764

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......