2019-njy ýylda 12 müň 242 adam talyplyga kabul ediler

  • 09.07.2019 09:28
  • 7.4k+

8-nji iýulda Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek başlandy. 2019-njy ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmeklik 8-nji iýul — 17-nji awgust aralygynda guralar. Giriş synaglary hem şolaryň ýerleşýän ýerinde geçiriler. Bu barada TDH agentligi habar berýär.
Şu ýyl 12 müň 242 adam ýokary okuw mekdepleriň talyplary bolar, munuň özi geçen ýylyň degişli görkezijisinden 3 müň 392 adam köpdür. Şol sanda ýokary okuw mekdeplerinde tölegli esasda bilim almaga isleg bildirýän adamlaryň 8 müň 54-si kabul ediler.
Ýurdumyzyň hereket edýän ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenleri taýýarlamagyň täze ugurlarynyň 33-si peýda boldy. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyna ilkinji gezek talyplar kabul ediler.
Halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň hünärli işgärlere bolan isleglerini nazara almak bilen, ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdeplerinde hünärleriň sany artdyryldy. Şeýle hem okuwçylaryň saýlap aljak hünärine degişli ýörite bilimleri hem-de endikleri we başarnyklary berjek mekdeplere okuwçylary kabul etmegiň sany hem artdy. Şeýlelikde, şu ýyl Türkmenistanyň orta hünärment okuw mekdepleriniň 42-si ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň we kärhanalaryň sargytlaryna laýyklykda 9 müň 63 okuwçyny okuwa kabul ederler.
Bilim ministrliginiň garamagyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdeplerine, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagyndaky lukmançylyk hünär okuw mekdeplerine, Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky hünärment okuw mekdeplerine giriş synaglary ýokary okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, 24-nji iýuldan 14-nji awgust aralygynda geçiriler. Şunda hojalyk hasaplaşygyndaky orta hünärment okuw mekdepleri resminamalary 10-njy awgusta çenli kabul eder, şolarda giriş synaglary 13 — 17-nji awgustda geçiriler.

düýn 20:41
1.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.8k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......