Eýran daşary ýurtly syýahatçylar üçin wiza almaklygy ýeňilleşdirýär

  • 08.07.2019 07:09
  • 10k+

Eýran Yslam Respublikasy serhet gullugynyň howa menzillerinde syýahatçynyň ýurda girip-çykandygy baradaky möhür goýmagyny ýatyrdy. Eýrana syýahatçylyk gatnawyny ýeňilleşdirýän bu täzelik barada ýurduň daşary işler ministri Jawad Zarif habar berdi, diýip ORIENT habarlar agentligi belleýär. Täze kanun şeýle hem telekeçileri we maýadarlary goldamaga gönükdirilendir.
Eýrana wiza almagyň 2 usuly bar. Birinji usula laýyklykda, arza beriji internet arkaly e.visa.mfs.ir sowalnamany doldurýar we wiza aljak ýerini — Eýranyň konsullyk gullugyndamy ýa-da Eýranyň howa menzilindemi — özi saýlaýar. Eger-de ol howa menzilinde wiza almak islese, onda oňa tassyklamaly elektron hat we 17 belgili kod iberilýär. Eýranyň howa menziline geleninden soňra, syýahatçy pasportuna wiza we möhüre derek ýurda girendigi barada onlaýn hasaba alyş geçýär.
Ikinji ýagdaýda, arza beriji Eýranyň konsullygyna barýar we ol ýerde çap edilen wizany alýar. Şonuň bilen hem ol Eýrana baryp biler.
Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň maglumatlaryna laýyklykda, syýahatçylykdan alýan girdejileriniň möçberi boýunça Eýran dünýäde 68-nji ýerde durýar. Ýurtda dünýäniň 180 ýurdunyň raýatlary üçin Eýranyň howa menzilinde 30-günlük wiza bermek tejribesi girizildi.
Syýahatçylaryň arasynda meşhur şäherler — Yspyhan, Maşad we Şiraz — medeni syýahatçylygyň merkezidir. Ýurtda şeýle hem eko syýahatçylyk, sagaldyş we dini syýahatçylyk ýaly görnüşler giňden ýaýrandyr.

01.06.2026 13:04
2.8k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.7k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......

24.05.2026 16:01
4k+

Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar......

24.05.2026 14:30
1.9k+

Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga......