Türkmenistanyň Prezidenti obada işleýän mugallymlaryň zähmet hakyna goşmaça töleg goşmagy tabşyrdy

  • 06.07.2019 22:35
  • 15k+

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň ýanwar-iýun aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijelerine bagyşlanyp geçirilen mejlisde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilim ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow bilen bilelikde, oba ýerlerinde mugallymlaryň iş meselesini öwrenmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutany obada işleýän mugallymlaryň zähmet hakyna ep-esli möçberde goşmaça töleg goşmaly, şeýle hem olaryň ýeňillikli şertlerde ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmelidigini nygtap, bu babatda teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Biz bilim özgertmelerini geçirmegiň depginini çaltlandyrmalydyrys diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Mekdebi tamamlan ýaşlar, gaýtadan okamazdan, telekeçilik düzümlerinde kynçylyksyz işlemelidir. Munuň üçin bolsa mekdep maksatnamalary boýunça telekeçilik işiniň ýönekeý düzgünleri, iň bolmanda, bu ugurdaky kanunlar köpräk öwredilmelidir diýip, döwlet Baştutany bu talabyň ýokary okuw mekdeplerine hem degişlidigini aýtdy.
Ähli ugurdaş institutlar, aýratyn-da, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda ýokary derejeli dolandyryş işgärleri taýýarlanylmalydyr, bu ugurda dünýä belli beýleki ugurdaş institutlar bilen hyzmatdaşlyk edip, daşary ýurtly hünärmenler işe çekilmelidir. Şeýle hem talyplary tölegli esasda okatmak usulyna geçilmelidir diýip, Türkmen Lideri belledi.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti IT — merkezi üçin binalar toplumynyň taslamasyny düzmegi, onuň ýerleşdiriljek ýerini saýlamagy tabşyrdy. Ilkinji nobatda, maglumat tehnologiýalary merkezi üçin zerur bolan işgärler taýýarlanmalydyr.

düýn 20:41
1.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.8k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......