Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisi 25-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriler

  • 05.07.2019 22:02
  • 3.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň geçen alty aýda alnyp barlan işleriniň netijelerine bagyşlap geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Halk maslahatynyň mejlisini geçirmek hakynda karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Gol çekilen resminama laýyklykda, Halk maslahatynyň mejlisi 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde Ruhyýet köşgünde geçiriler.
Ählihalk forumyny geçirmek üçin guramaçylyk komiteti dörediler. Welaýat we Aşgabat şäher Halk maslahatlary Türkmenistanyň Halk maslahatynyň agzalygyna jemgyýetçilikden wekilleriň saýlawyny geçirerler we saýlananlaryň sanawyny 2019-njy ýylyň 1-nji sentýabryna çenli Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanyna hödürlärler.
Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatyny Halk maslahatyna özgertmek hakynda çözgüt 2017-nji ýylda kabul edildi. Türkmenistanyň Halk maslahatynyň birinji mejlisi 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirildi.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......