Ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesine prorektorlar bellenildi

  • 05.07.2019 16:24
  • 10k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen:
Rozygeldi Jumagylyjowiç Allaberdiýew, pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy;
Gaýgysyz Annaçaryýewiç Ataýew Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesine bellenildi;
Gulgeldi Annaýew, pensiýa gitmegi sebäpli, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy;
Gurbangeldi Allaýarowiç Muhammedow Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory wezipesine bellenildi;
Babajan Kerimowiç Sahatow S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy;
Merdanbeg Artyknazarowiç Piriýew S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory wezipesine bellenildi;
Rahmanberdi Annamämmedowiç Berdiýew Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy; Hydyrguly Atamyradowiç Kadyrow Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory wezipesine bellenildi;
Azat Muhammedowiç Ataýew Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy;
Aýmyrat Babamyrat ogly Muhammedow Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory wezipesine bellenildi;
Baba Saryýew Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy;
Begenç Kakabaýewiç Mätliýew Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesine bellenildi;
Ýazmyrat Baýrammyradowiç Rejepow Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ylmy-döredijilik işleri boýunça prorektory wezipesine bellenildi.

düýn 20:41
1.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.8k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......