Türkmenistanda harby gulluga çagyryşyň ýazky möwsümi tamamlandy

  • 02.07.2019 20:42
  • 7.8k+

1-nji iýuldan Türkmenistanda harby gulluga çagyryşyň ýazky möwsümi resmi taýdan tamamlandy. Ýaş esgerleriň müňlerçesi milli goşunymyzyň hataryny doldurdylar. Indi olar iki ýyl çagyryş boýunça harby gullugyny geçip, onuň dowamynda harby hünäri ele alarlar. Bu barada Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» saýty habar berýär.
Çagyryş möwsüminiň dowamynda ýurdumyzyň ähli harby bölümleriniň şahsy düzümi doly üpjün edildi, çagyryş boýunça iki ýyl harby gullugyny geçen esgerler bolsa ätiýaja goýberilip, sag-aman öýlerine dolandylar. Çagyryş möwsümi boýunça meýilnamalaryň ählisi 100 % ýerine ýetirildi.
Hemme tarapdan üstünlikli geçen çagyryş möwsüminiň dowamynda ýaşlary harby gulluga çekmek, olarda harby gulluga bolan oňyn garaýyşlary döretmek üçin zerur bolan çäreler guraldy. Ýaş esgerleriň tebigy ukyplary we raýat hünärleri nazara alnyp, şoňa görä harby bölümlere paýlanyldy.
Ýaragly Güýçlerimiziň serkerdeleriniň we borçnama boýunça harby gullukçylarynyň esasy wezipesi – ýaş esgerlere iki ýylyň dowamynda dürli ýaraglaryň, harby tehnikalaryň ulanylyşynyň inçe tilsimlerini öwretmek we olary watançylyk ruhunda terbiýelemekden ybarat bolup durýar.
Türkmenistanyň harby gulluk 27 ýaşa çenli erkek raýatlaryň ählisi üçin 2 ýyl möhlet bilen bellenilendir. Ýaragly güýçler üçin harby hünärlere ýeterlik derejede erk edip bilýän ätiýaçdaky gullykçylary taýýarlamak nukdaýnazaryndan bu iň amatly möhlet hasaplanylýar, diýip neşir belleýär.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......