Türkmenistan kiber giňişligiň goragçylaryny taýýarlaýar

  • 30.06.2019 21:41
  • 8k+

Şu okuw ýylynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda «kiber giňişligiň goragçylary» taýýarlanylyp başlandy. Harby institutda maglumat howpsuzlygy, awtomatlaşdyrylan dolandyryş we programma üpjünçiligi hünärleri boýunça harby talyplary taýýarlaýan kafedra açyldy. Bu barada Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň saýty habar berýär.
Bu hünärler boýunça okuw geçip başlan geljekki serkerdeler milli goşunymyzda häzirki zaman kiber garşylyklara we howplara garşy göreşmek üçin dünýä derejesinde tejribe toplarlar. Täze kafedranyň döredilmegi hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tarapyndan tassyklanan Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň çäklerinde amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli işleriň biridir.
Häzirki zaman ýaşaýşyny sanly ulgamsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Biziň täze özgertmelere we ösüşlere tarap batly gadam bilen barýan ýurdumyz döwletara maglumatlar giňişliginde mynasyp orun eýeleýär. Şu nukdaýnazardan, milli goşunymyz üçin kiber howpsuzlygy boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak – döwrüň talaby bolup durýar.

düýn 20:41
1.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.8k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......