Lebap welaýatynyň 4 etrabynda täze şäherçeleriň düýbi tutuldy

  • 27.06.2019 23:29
  • 7.4k+

26-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrmagy boýunça Lebap welaýatynyň Çärjew, Saýat, Halaç we Kerki etraplarynda täze döwrebap şäherçeleriň düýbüni tutmak dabaralary boldy.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň mart aýynyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti «Lebap welaýatynyň Çärjew, Saýat, Halaç we Kerki etraplarynda täze, döwrebap şäherçeleri gurmak hakyndaky» Karara gol çekdi.
Bu etraplar Amyderýa jülgesiniň iň gür ilatly etraplarydyr. Täze şäherçeler 3 müň 500 maşgalanyň ýaşamagy üçin niýetlenendir.
Çärjew etrabyndaky 1 müň maşgala niýetlenen geljekki şäherçe 185 gektar meýdanda ýerleşer. Şol çäkde her birinde 32 öý boljak 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 12-si, üç, dört we bäş otagly bir gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 381-si, 5 öýli 2 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 236-sy, geňeşligiň binasy, her biri 640 orunlyk mekdepleriň 2-si, her biri 320 orunlyk çagalar baglarynyň 2-si, 200 orunlyk Medeniýet öýi, Durmuş hyzmatlary, söwda dükanlarynyň ulgamy, «Toý mekany» dabaralar merkezi, bazar we beýleki durmuş maksatly desgalar gurlar.
Halaç etrabyndaky täze şäherçäniň gurluşygynyň taslamasy hem 1 müň maşgala niýetlenendir. Olar üçin 200 gektar meýdanda 5 otagly 1 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 641-si, üç we dört otagly 2 gatly jaýlaryň 359-sy, her biri 640 orunlyk umumybilim berýän mekdepleriň 2-si, her biri 320 orunlyk çagalar baglarynyň 2-si, Durmuş hyzmatlar öýi, Saglyk merkezi, söwda dükanlarynyň ulgamy we beýleki durmuş maksatly desgalar bina ediler.
Saýat etrabynda guruljak täze döwrebap şäherçede hem 1 müň maşgala ýaşar. Onuň meýdany 215 gektara barabar bolar. Şäherçäniň binagärlik toplumy bäş otagly 2 gatly jaýlaryň 430-syndan, üç we dört otagly 1 gatly jaýlaryň 570-sinden, her biri 640 orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň 2-sinden, her biri 320 orunlyk çagalar baglarynyň 2-sinden, söwda dükanlaryndan, Medeniýet öýünden, Durmuş hyzmaty öýünden, «Toý mekany» dabaralar merkezinden, geňeşligiň binasyndan we beýleki desgalardan ybarat bolar.
Kerki etrabynda täze şäherçe 115 gektar meýdanda ýerleşip, şol ýerde 500 maşgala ýaşar, olar üçin bäş otagly 2 gatly jaýlaryň 140-sy, üç we dört otagly 1 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 360-sy, 640 orunlyk orta mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy, söwda dükanlarynyň ulgamy, çörek we çörek önümlerini çykarýan önümçilik, Durmuş hyzmaty öýi we beýleki durmuş maksatly desgalar gurlar.
Täze döwrebap şäherçeleriň ählisiniň gurluşygyny 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda doly tamamlamak göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem şol gün Lebap welaýatynyň merkezinde — Türkmenabat şäherinde täze döwrebap ýaşaýyş toplumynyň düýbi tutuldy.

düýn 20:52
2.1k+

«Maşa we Aýy» multserialy doly metražly film bolar

«Maşa we Aýy» multserialynyň awtory Oleg Kuzowkow taslamanyň esasynda dörediljek ilkinji doly metražly filmiň üstünde işläp başlady. Filmiň önümçiligi bilen onuň esaslandyran Studio MiM studiýasy meşgullanar....

düýn 17:28
2.6k+

«Kagyz jaý» serialynyň täze dowamy bolar

Netflix platformasy «Kagyz jaý» (Бумажный дом / La Casa de Papel) sagasynyň wakasynyň dowam etjekdigini habar berdi, ýöne täze taslama barada giňişleýin maglumat entek ýok....

düýn 16:08
2.1k+

Emili Blant we Stenli Tuççi Holliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyzlara mynasyp boldy

Emili Blant we Stenli Tuççi Los-Anjelesdäki Holliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyzlara eýe boldy. Dabara akýorlaryň kärdeşleriniň we maşgala agzalarynyň gatnaşmagynda geçdi diýip, «People» neşiri habar......

düýn 14:43
1.6k+

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik gökdiräni — Torch Tower binasy gurulýar

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik binasy boljak «Torch Tower» diňiniň gurluşygy batly depginler bilen dowam edýär. Bu gökdirän diňe bir beýikligi bilen däl, eýsem binalaryň içerki meýdany boýunça hem dünýäde......