«Türkmenhowaýollary» halkara uçuş ugurlarynyň sanyny artdyrýar

  • 26.06.2019 23:29
  • 11k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 3-nji iýuldan 11-nji sentýabr aralygynda «Boeing 737-800» uçary arkaly Aşgabat — Kazan howa gatnawlarynyň ýygylygyny artdyrar. Goşmaça gatnaw Aşgabatdan her çarşenbe güni 6 sagat 25 minutda uçar.
Şeýle hem «Türkmenhowaýollary» agentligi Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň döwletleri bilen göni howa gatnawyny ýola goýmak boýunça hem işleri alyp barýar. Netijede, Tokio-Aşgabat-Tokio ilkinji howa gatnawy ýola goýuldy. «Aşgabatsyýahat» döwlet syýahatçylyk kärhanasy «Türkmenhowaýollary» agentligi bilen bilelikde ýaponiýaly syýahatçylar üçin 26-30-njy iýun aralygynda ýörite syýahatçylyk uçuşyny gurnady. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.
Mundan başga-da, «Boeing 777-200 LR» uzak aralyk üçin niýetlenilen häzirki zaman uçarlarynda Hoşimin (Wýetnam) şäherine yzygiderli howa gatnawlary ýerine ýetiriler. Şeýle hem Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpura yzygiderli howa gatnawlary gaýtadan dikeldildi.
Awiatorlar Günorta-Gündogar Aziýanyň dini ýadygärliklerine zyýarat edýän syýahatçylaryň howa gatnawynyň Aşgabadyň amatly geografik ýerleşişinden peýdalanyp, üstaşyr gatnawlary gurnamagyň üstünde işleýärler. Türkmen howa gämileri ýolagçylary Aşgabatdan Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherine äkider.
Häzirki wagtda Ýewropanyň, Türkiýäniň, GDA döwletleriniň, Tailandyň we Wýetnamyň syýahatçylarynyň Aşgabadyň howa menziliniň üsti bilen üstaşyr Arap ýarym adasyna uçuş etmäge mümkinçilik berjek ugurlar işlenip düzülýär. Täze ugurlar şu ýylyň noýabr aýynda açylar.

01.06.2026 13:04
2.8k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.7k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......

24.05.2026 16:01
4k+

Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar......

24.05.2026 14:30
1.9k+

Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga......