«Türkmenhowaýollary» Kazana howa gatnawyny hepdede üç gezege çenli artdyrdy

  • 20.06.2019 00:37
  • 5.1k+

"Türkmenhowaýollary" agentligi Aşgabat - Kazan howa gatnawlarynyň sanyny artdyrdy. Bu barada Kazan şäherindäki Gabdulla Tokaýyň adyny göterýän Halkara howa menziliniň metbugat gullugy habar berýär.
Mundan ozal bu ugur boýunça her hepdäniň anna we ýekşenbe günleri iki gatnawyň amala aşyrylandygyny okyjylarymyza ýatladýarys. 3-nji iýuldan başlap bolsa bu gatnawlara ýene biri goşular. Munuň üçin şäherleriň ikisindäki rejenamalara hem girizilen üýtgeşmeleri okyjylarymyz bilen paýlaşýarys (görkezilen wagtlar şol şähere degişlidir):
Kazan şäherinden uçuş:
- çarşenbe güni 09:30, Aşgabada 15:00-da geler;
- anna güni 10:30, Aşgabada 16:00-da geler;
- ýekşenbe güni 23:35, Aşgabada duşenbe güni 05:05-de geler.
Aşgabat şäherinden uçuş:
- çarşenbe güni 06:25, Kazana 08:00-da barar;
- anna güni 07:25, Kazana 09:00-da barar;
- ýekşenbe güni 20:35, Kazana 22:05-de barar.
Bu ugur boýunça üçünji gatnawyň açylmagy mynasybetli, "Türkmenhowaýollary" agentligi ýörite tarifi yglan etdi, petekler eýýäm satuwda.

01.06.2026 13:04
2.8k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.7k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......

24.05.2026 16:01
4k+

Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar......

24.05.2026 14:30
1.9k+

Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga......