«Öýe barýan uzak ýol, Aziýa – 2019» ekspedisiýasy Aşgabadyň içinden geçdi

  • 14.06.2019 23:40
  • 6.2k+

«T3» fransuz syýahatçylyk kompaniýasy şu ýylyň aprel aýynda «Öýe barýan uzak ýol» (iňl. «Long way home») at bilen 3-nji transkontinental ekspedisiýasyny ýola goýdy. Bu gezek ekspedisiýa Bangkokdan Pariže ugur aldy, diýip Arzuw NEWS habar berýär.
Ekspedisiýanyň ugry tutuş Aziýa sebitinden geçýär diýen ýaly. Ol, şol sanda, Türkmenistanyň hem üstünden geçip gidýär. 13-nji iýunda baýkerler topary Aşgabadyň içinden geçip gitdi. Moto-syýahatçylygyň muşdaklary öz ugurlaryny dowam edip, goňşy Eýran döwletine tarap ugur aldylar.
Gysgaça aýdanymyzyda «T3 Adventures» kompaniýasynyň «Öýe barýan uzak ýol» ekspedisiýasynyň şertleri şulardan ybarat: Kompaniýa motosiklli we ugrukdyryjy ulag serişdeli transkontinental baýk-syýahatçylygyna gatnaşmaga isleg bildirýänleri öýünden (Pariž) mümkin boldugyndan uzaga iberýär. Soňra, topar motosiklli 80 günüň içinde yzyna dolanýar.
Şu ýyl «Öýe barýan uzak ýol, Aziýa – 2019» ekspedisiýasy 2019-njy ýylyň 21-nji aprelinde Bangkokdan ýola düşdi. Syýahat 13-nji iýulda Parižde tamamlanar. Umumy uzynlygy 22000 km barabar bolan ekspedisiýanyň ugry gündogar Aziýadan başlap, günbatar Ýewropada tamamlanýan 16 döwletden, 40 sany ilatly nokatdan geçýär.

01.06.2026 13:04
2.8k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.7k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......

24.05.2026 16:01
4k+

Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar......

24.05.2026 14:30
1.9k+

Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga......