Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň düzümi özgerdilýär

  • 18.05.2019 23:43
  • 3.6k+

Türkmenistanda Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetini düzümleýin özgertmek boýunça işler durmuşa geçirilýär. Bu barada hökümet mejlisinde maslahat edildi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyny ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykarmak, pudagyň kuwwatyny amatly ulanmak boýunça toplumlaýyn çäreleri kabul etmegiň möhümdigini belledi. Munuň özi halkara syýahatçylygyň meşhur merkezi hökmünde Türkmenistanyň derejesini berkitmäge ýardam eder.

Syýahatçylyk pudagy Türkmenistanyň strategik meýilnamalarynda aýratyn orun eýeleýär. Hazaryň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Awaza» şypahanasynyň gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr. Bu ýerde erkin ykdysadyzolak döredildi. Türkmenistanyň üstünden taryhda Beýik Ýüpek ýoly geçipdir, köp sanly ýadygärlikler, şol sanda Gadymy Nusaý, Merw we Köneürgenç ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Köpetdagyň etegi, Garagumuň haýwanat we ösümlik dünýäsi, Amyderýanyň kenarlary, Köýtendagyň gözel ýerleri ekologiýa syýahatçylary üçin örän täsirli ýerlerdir.

Ýatlatsak, ýakynda TurStat analitik agentligi 2019-njy ýylyň maý aýynda syýahatçylaryň syýahat etmekleri üçin GDA-nyň iň gowy şäherleriniň reýtingini düzüpdi. Türkmenistanyň paýtagty syýahatçylaryň arasynda ýörgünliligi boýunça GDA şäherleriniň ilkinji onlugyna giripdi.

01.06.2026 13:04
2.8k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.7k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......

24.05.2026 16:01
4k+

Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar......

24.05.2026 14:30
1.9k+

Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga......