Russiýa Türkmenistan bilen gaz boýunça bäş ýyllyk şertnama baglaşmagy maslahatlaşýar

  • 17.05.2019 23:17
  • 3.2k+

Russiýa Türkmenistan bilen türkmen gazyny satyn almak biýunça bäş ýyllyk şertnama baglaşmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşýar. Satyn almalar ýylyň ikinji ýarymyndan başlanyp bilner, diýip Trend agentligi habar berýär.

Russiýanyň energetika ministriniň orunbasary Anatoliý Ýanowskiniň Berlinde geçirilen «Russiýa bilen ÝB-niň energetika hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri. Gaz ugry» atly halkara maslahatynyň çäklerinde aýtmagyna görä, häzirki wagtda bäş ýyl möhlet bilen ýakyn geljek üçin şertnama baglaşmak boýunça gepleşikler tamamlanyp barýar. Şu ýylyň ikinji ýarymyndan gaz iberilip başlanmagy mümkin.

A.Ýanowskiniň aýtmagyna görä, häzir taraplar ibermeleriň möçberini maslahatlaşýarlar, bu bolsa öz gezeginde gazyň bahasyna baglydyr. Rus tarapy türkmen gazynyň Russiýa akdyrylyş möçberiniň 2016-njy ýyla çenli derejesine çykyp biljekdigini aýtdy. Gepleşikler iýunyň dowamynda tamamlanar.

Belläp geçsek, Türkmenistan üç ýyllyk arakesmeden soňra 15-nji aprelden başlap, tebigy gazyny Russiýa ibermegini gaýtadan ýola goýdy. 2019-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli «Gazprom» 1,155 milliard kub metr gaz satyn almagy meýilleşdirýär.

20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......