Aşgabat syýahatçylyk boýunça GDA şäherleriniň birinji onlugyna girdi

  • 07.05.2019 04:31
  • 4.6k+

TurStat analitik agentligi 2019-njy ýylyň maý aýynda syýahatçylaryň syýahat etmekleri üçin GDA-nyň iň gowy şäherleriniň reýtingini düzdi.
Türkmenistanyň paýtagty syýahatçylaryň arasynda ýörgünliligi boýunça GDA şäherleriniň ilkinji onlugyna girdi.
Almaata (Gazagystan), Aşgabat (Türkmenistan), Baku (Azerbaýjan), Bişkek (Gyrgyzystan), Duşenbe (Täjigistan), Ýerewan (Ermenistan), Kişinýow (Moldowa), Minsk (Belarus), Nur-Sultan (Gazagystan), Daşkent (Özbegistan) maý aýyndaky baýramçylyklary bellemek üçin syýahatçylaryň arasynda ýörgünliligi boýunça GDA şäherleriniň onlugyny düzýär.
GDA şäherleriniň reýtingi maý aýynyň syýahatçylyk gezelençleriniň ýörgünliligini seljermegiň netijesinde hödürlenildi.
TusStatyň maglumatlaryna görä, syýahatçylar GDA şäherlerine maý aýynda 3-5 günlük gelýärler.
Syýahatçylar GDA ýurtlaryna syýahatçylyk gezelençleri üçin bir güne iýmit we ýaşamak üçin 60 dollardan 120 dollara çenli sarp edýärler.

01.06.2026 13:04
2.8k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.7k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......

24.05.2026 16:01
4k+

Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar......

24.05.2026 14:30
1.9k+

Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga......