Türkmenbaşy-Gazagystan awtobanyny we Garabogaz kölüniň üstünden awtomobil köprüsini gurmak meýilleşdirilýär

  • 07.04.2019 12:25
  • 2.9k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň beren tabşyryklaryna laýyklykda, Türkmenbaşy şäherinden Gazagystanyň serhedine çenli uzynlygy 225 kilometr bolan awtomobil ýoluny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek bilen, ini 22,5 metr, iki gatnawly, her tarapa iki sany hereket zolagyndan ybarat bolan täze, döwrebap awtomobil ýoluny we hyzmat ediş desgalaryny, şeýle hem Garabogaz aýlagynyň üstünden geçýän ini 21 metr, uzynlygy 354 metr bolan täze awtomobil köprüsini gurmak teklip edilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew 5-nji aprelde geçen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde habar berdi.

Türkmen-gazak serhedine çenli bu awtomobil ýolunyň hem-de köpriniň döwrebaplaşdyrylmagy ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitleriniň, şeýle hem goňşy döwletleriň arasynda söwda-haryt dolanyşygyny, ulag we ýolagçy gatnawlaryny ýokarlandyrmaga ýardam berer.

düýn 16:07
1.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
4.8k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......