Türkmenistanly okuwçylar halkara ylmy bäsleşikde 6 medal gazandylar

  • 29.03.2019 09:58
  • 1.3k+

21-25-nji martda Gonkongda dünýäniň 18 döwletinden ýaş alymlaryň gatnaşmagynda mekdep okuwçylarynyň ylmy taslamalarynyň halkara bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň ýygyndy toparyna Aşgabat şäherindäki №26, 86 23 97-nji orta mekdeplerinden 8 sany okuwçy wekilçilik etdi. ýygyndy topara himiýa mugallymy Atamyrat Şahanow ýolbaşçylyk etdi.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, türkmen okuwçylary ylmy-barlag duetlerine birleşip, himiýa, biologiýa we ekologiýa ulgamynda taslamalary taýýar etdiler. Abraýly ylmy bäsleşikde biziň okuwçylarymyz jemi 6 sany medal gazandylar.

Paýtagtymyzdaky 86-njy orta mekdepden Abdyrahman Altymuhammedow we Nowruz Baýramgeldiýew, şeýle hem 28-nji orta mekdepden Serdar Orazgeldiýew we Serdar Gurbanmyradow kümüş medala mynasyp boldular. 97-nji orta mekdebiň okuwçylary Mekan Mekanow we Ahmet Amanow bürünç medal gazandylar.

şu gün 00:07
935

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

şu gün 00:03
669

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 23:56
1.3k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

düýn 23:53
996

Korol Karl III Bukingem köşgüne dolanmakdan ýüz dönderdi

Beýik Britaniýanyň koroly Karl III we şa zenany Kamilla Bukingem köşgüniň abatlaýyş işleri doly tamamlanyp, taýyn bolandan soň hem ol ýerde ýaşamazlar. Bu barada The Daily Beast neşiri habar berýär....