Özbegistan Türkmenistandan elektrik energiýasyny satyn alar

  • 26.10.2022 09:34
  • 9.7k+

Özbegistan Türkmenistandan elektrik energiýasyny satyn alar. Bu barada Özbegistanyň prezidentiniň metbugat sekretary Şerzod Asadowa salgylanyp, UzDaily habar berýär. Muny centralasia.media ýetirýär.

Asadow ýakynda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Aşgabada eden resmi sapary wagtynda taraplaryň energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşandyklaryny aýtdy. Onuň sözlerine görä, Özbegistan Türkmenistandan 4 mlrd kwt/s elektrik energiýasyny satyn alar.
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana resmi saparynyň dowamynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça 10-dan gowrak resminama gol çekildi.


düýn 18:46
6.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanda «Älem.AI» emeli aň merkezine baryp gördi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystana amala aşyrýan döwlet saparyny 25-nji noýabrda günüň ikinji ýarymynda «Älem.AI» halkara emeli aň merkezine baryp görmek bilen jemledi diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär...

düýn 18:40
4.1k+

Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň«Altyn Bürgüt» ordeni bilen sylaglandy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň ýokary döwlet sylagy — «Altyn Bürgüt» (Altyn Kyran) ordeni bilen sylaglandy. Dabara Astanada ýokary derejeli türkmen-gazak gepleşikleri tamamlanandan soňra geçirildi diýip, "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär...

düýn 18:31
3.6k+

Astanada türkmen-gazak gepleşikleriniň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi

Astanada Prezidentler Serdar Berdimuhamedow bilen Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. "Türkmenistan" gazetiniň habar bermegine görä, «Akorda» köşgüniň dabaralar otagynda iki ýurduň döwlet Baştutanlary dabaraly ýagdaýda Bilelikdäki Beýannama öz gollaryny goýdular...

düýn 17:59
1.9k+

Serdar Berdimuhamedow Astanada Kasym-Žomart Tokaýew bilen gepleşikleri geçirdi

Şu gün, 25-nji noýabrda Astanada döwlet saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Akorda» köşgünde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasyndan soňra, ikiçäk we giňeldilen düzümde türkmen-gazak gepleşikleri geçirildi...