Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary düýpli kemçilikleri üçin wezipesinden boşadyldy

  • 26.10.2022 00:44
  • 30058
Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary düýpli kemçilikleri üçin wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Karary bilen, Bekmyradow Agajan, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

25-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk toplumyndaky işleriň ýagdaýy  hem-de sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy bilen baglanyşykly sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda pagta ýygymynyň depginleriniň pesdigini aýdyp, bu ugurdaky işleriň barşyna nägilelik bildirdi hem-de ýol berlen kemçilikleriň gysga wagtda düzedilmegini, bu jogapkärli möwsüme dahylly ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegi häkimlerden talap etdi.


düýn 07:47
5594

Serdar Berdimuhamedow El-Salwadoryň Prezidentini gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan El-Salwador Respublikasynyň Prezidenti Naýib Bukelä we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen El-Salwador...

19.05.2024 13:28
9128

Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

18-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueni kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň syýasy-durmuş ugurlarynda...

18.05.2024 17:46
8823

Serdar Berdimuhamedow Konstitusiýa binasyna we Baş baýdaga gül goýmak dabaralaryna gatnaşdy

Şu gün, 18-nji maýda Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň Konstitusiýa binasyna we Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary geçirildi diýip, TDH habar berýär. Türkmen edebiýatynyň nusgawy...

18.05.2024 03:10
18561

Aşgabadyň gününde Çoganlyda 136 sany iki gatly ýaşaýyş jaýlary açylar

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli täze desgalaryň we binalaryň açylyş dabaralaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada wise-premýer B.Annamämmedow 17-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi. Hususan...