Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (14-nji bölüm)

  • 22.10.2022 16:05
  • 5.3k+
Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (14-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Ýakymly duşuşyga taýýarlyk görmek şowlulyk diýip atlandyrýan duýgymyzy döredýär.
Entoni Robbins

Siz bu kitaba modelirlemäge barýan ýol hökmünde, edýän işiňizi düşünip etmegi öwredýän kitap hökmünde garaň.
Töweregimizi strategiýa hem tetäriklik zatlar gurşap alýar. Men siziň modelirlemek boýunça hünärmeniň pikir edişi ýaly pikir etmegi başarmagyňyzy isleýärin, özüňi alyp barmagyň üýtgeşik gowy netije berjek görnüşleriniň hem modelleriniň manysyna mydama düşünip pikirlenmeklige başlamaga çagyrýaryn. Kimdir biriniň uly açyş edendigini eşiden badyňyza, siziň aňyňyzda şol dem: «Ol beýle açyşy nädip etdikä?»― diýen sowal döreýär. Men daşky gurşawdaky täzelikleriň mazmunyny gerek ýerinde ulanmak üçin, şol täzelikleriň nähili ýol bilen dörändiginiň syrlaryny agtararsyňyz diýip umyt edýärin.
Derňewlerimiziň indiki ädimi durmuşyň üýtgäp duran ýagdaýyna biziň garaýşymyzy öňünden kesgitleýän ýagdaýlara garamakdyr. Geliň, derňewi dowam edeliň... 

3. ÝAGDAÝYŇ   GÜÝJI

 Ýagşyny-ýamany  döredýän öz aňymyz. Bizi bagtly, betbagt edýänem, baýa, garyba öwürýänem ýene şol.
Edmund Spenser

Dokuzyňyz düzüw bolup, şowlulygyň iň ýokary duýgusyny başdan geçirip görüpmidiňiz? Ähli zadyň söz bilen beýan edip bolmajak derejede bolan döwrüni başdan geçiripmidiňiz? Ol, belki, tennisde ýeňiş gazanylan, zyňan pökgiňiziň garşydaşyň meýdançasynyň burçuna baryp düşen ýa-da iş baradaky gepleşikde ähli sowallaryňyza kanagatly jogap alan döwrüňiz bolandyr. Belki-de, ol pursat özüňiziň ozal hiç mahal baş goşmaga synanyşyk hem etmäge batyrlyk görkezip bilmedik işiňizde üstünlik gazanyp, özüňizden örän razy bolan döwrüňiz ýüze çykandyr. Belki, tersine, tutanyňyz eliňizden gaçyp, edeniňiz ters bolup, lapykeç pursatlaryňyz hem bolandyr. Siz, elbetde, ozal ap-aňsat bolup duran zatlaryňam başa barman, öňüňizdäki gapylaryň hemmesiniň açylman duran, tutan işiňiziň netijesiz gutaran günlerini hem başdan geçirensiňiz.
Döreýän ýagdaýlaryň düýp sebäbi nämede? Siz şu gün hem düýnki adam, ahyryn. Şu gün hem siziň eliňizde düýnki üstünlikleri gazanan açaryňyz bar, ahyryn. Onda näme üçin başgalar üstünlik gazanan mahaly, siziň işiňiz şowlamady? Näme üçin tanymal türgenleriň hem ýeňişli günleriniň yzyndan bişow günler peýda bolýar?
Hemme zat siziň neýrofiziologiki ýagdaýyňyza bagly. Işeňňirlik ýagdaýy diýen bir zat bar. Oňa özüňe bil baglamaklyk, söýgi, şatlyk, joşgun, ynam ýaly, adamyň içki energiýasynyň çuňluklaryny daşa çykarýan duýgular girýär. Ýöne çekinjeňlik, göwnüçökgünlik diýen ýagdaý, gorky, tukatlyk, hasrat diýen güýç-kuwwatdan mahrum edýän, umydyňy üzýän ýagdaýlar hem bolýar. Restorana ýa-da naharhana baryp, hyzmatçynyň «Size näme gerek?» diýen gödek sowalyny eşidip görüpmidiňiz? Siz ol hemişe, hemme adamlar bilen şeýle äheňde gepleşýändir öýdýäňizmi? Gödeklik onuň şol mahalky haly bilen bagly. Belki-de, onuň haly harap bolup, gaharyny daş-töweregindäkilerden çykarmak isleýändir. Ýöne şu gün oňa, belki-de, işlemek kynrak düşendir, naharhana gelýän köp bolup, olaryň arasynda gödeklik edip hyzmatçynyň göwnüne degeni bardyr. Ol, hakykatdanam, ýaman adam däldir, siz onuň keýpsiz pursadyna gabat gelensiňiz. Eger siz onuň ýagdaýyna oňyn täsir edip bilseňiz, belki, ol düýpden başga adama öwrüler.
Ýagdaýyň nähilidigine göz ýetirmek bilen, siz özgermä düşünmegiň hem kämillige ýetmegiň açaryny ele alarsyňyz. Biziň özümizi alyp barşymyz häzirki ýagdaýymyzyň netijesidir. Biz mydama  elýeterdäki netijeleri peýdalanýarys. Ýöne käte şol synanyşyklarymyzyň ýoluny ýapýan ýagdaýa-da gabat gelýäris. Ýadymda, käte men belli bir ýagdaýdakam, şeýle bir hereketler edýärdim ýa-da şeýle bir zatlary aýdýardym-da, wagt geçensoň şol bolşum üçin ökünmeli bolýardym. Şeýle ýagdaýlar sizde-de bolandyr. Öz durmuşyňda bolup geçýän şeýle ýagdaýlary unutmazlyk zerur şert. Sebäbi kimdir biri başga birine gahar-gazaby sebäpli,  size ýowuz daraşýar. «Çüýşeden ýasalan jaýda ýaşaýan adam daş zyňmagy unutmalydyr» diýen iňlis nakylyny ýygy-ýygydan ýatlap durmaly. Restoranda işleýäniň ýa-da beýleki adamlaryň hereketiniň öz zanny boluşlary däldigini ýadyňyzdan çykarmaň. Eger ýumrugyňy mäkäm gysyp, erkiň güýji bilen bedeniňizi iň ýokary joşgundan, täteriklik güýçden dolduryp, aňyňyzyň hem sagat ýaly işlemegini gazansaňyz nähili bolar?
 Bu kitaby waraklap gutarjak pursadyňyza çenli siz özüňizi oňat hala ýetirmegi, ýakymsyz, peýdasyz ýagdaýdan öz erkiňiz bilen çykmagy öwrenersiňiz. Men siz bilen maksada okgunly, kesgitli, joşgunly, oýlanyşykly hereketlere alyp barýan ýagdaýlardan nähili peýdalanmalydygy hakda pikir alyşmak isleýärin. Siz bu bölümde hal-ahwal diýilýän zadyň nämedigini bilersiňiz. Biz ony üns merkezimizde saklap, öz bähbidimize işlemäge mejbur ederis.

(dowamy bar).


20.05.2023 16:35
6.7k+

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (38-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...

06.05.2023 20:11
5.3k+

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (37-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...

29.04.2023 15:12
5.7k+

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (36-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...

16.04.2023 13:23
6.4k+

Toni ROBBINS, «Özüňe erk etmegiň gudraty» (35-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm 13-nji...