Messi Katardaky dünýä çempionatynyň öň ýanyndaky iň uly gorkusyny aýtdy

  • 17.10.2022 15:38
  • 31591
Messi Katardaky dünýä çempionatynyň öň ýanyndaky iň uly gorkusyny aýtdy

“Pari Sen-Žermeniň” we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi DIRECTV Sports bilen söhbetdeşlikde Katarda geçiriljek 2022-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň öňünde özüniň iň uly gorkusyny aýtdy. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

“Bu dünýä çempionaty ýylyň başga wagtynda geçirilýändigi bilen tapawutlanýar. Ýaryş eýýäm golaýda we siziň bilen bagly bolup biläýjek islendik ownujak zat sizi bir gyrada goýup biler.

Fideo [Anhel di Mariýa], Paulo [Dibalo] bilen bolan wakalar meni alada goýýar. Bu zatlara üns berseň, hasam gorkýarsyň” – diýip, oýunçy aýtdy.

Muňa garamazdan, hüjümçi töwekgelçilikler we saglygyňa zyýan ýetirip biläýjek netijeler barada pikir etmän, meýdançada özüňi adatdakysy ýaly alyp barmagyň gowy boljakdygyny belledi.

“Oýna şikes alyp biljegiň barada pikir edip çykmak zyýan ýetirýär. Iň gowusy, özüňi hemişekisi ýaly alyp barmaly. Oýun – gowy formada galmagyň iň gowy usuly” – diýip, Messi sözüniň üstüni ýetirdi.

Dünýä çempionaty 2022-nji ýylyň 20-nji noýabrynda başlap, 18-nji dekabryna çenli dowam eder. Ýaryş bäş şäherdäki sekiz stadionda geçiriler. Final oýny “Milli stadionda” geçer. Argentinanyň milli ýygyndysy toparda Saud Arabystany, Meksika we Polşa bilen oýnar.


düýn 18:06
12598

Lewandowskiý 2020-nji ýyldaky “Altyn top” baýragyny alyp biler

“France Football” žurnaly Ispaniýanyň “Barselonasynyň” hüjümçisi Robert Lewandowskä 2020-nji ýyldaky “Altyn top” baýragyny bermegi göz öňünde tutýar. Bu barada Diario Sport habar berýär diýip, RIA Nowosti ýazýar...

düýn 17:39
5297

“Barselona” şowsuz möwsümden 40 mln ýewro töweregi pul tygşytlady

Häzirki möwsümde Kataloniýanyň “Barselonasynyň” şowsuz çykyşy kluba ep-esli serişde tygşytlamaga mümkinçilik berdi diýip, AS neşiri habar berýär. Maglumatlara görä, klub Ispaniýanyň çempionatyndaky, Ispaniýanyň...

düýn 14:09
5961

La Liga möwsümiň iň gowy tälimçisi üçin baýraga dalaşgärleri saýlady

La Liga 2023/24-möwsüminiň jemi boýunça iň gowusy adyna dalaş edýän tälimçileriň atlaryny yglan etdi. Sanawa Karlo Ançelotti (“Real”), Miçel Sançes (“Žirona”), Ernesto Walwerde (“Atletik”), Diego Simeone (“Atletiko”)...

düýn 07:23
8480

UEFA “Mançester Siti” bilen “Žironany” Çempionlar ligasyna goýbermän biler

UEFA iki klubuň hem Çempionlar ligasynyň indiki möwsümine gatnaşyp bilmekleri üçin “Mançester Sitiniň” eýelerinden “Žironadaky” paýynyň bir bölegini satmagyny talap edýär diýip, The Times habar berýär. Sebäbi iki...