UEFA “Mançester Siti” bilen “Žironany” Çempionlar ligasyna goýbermän biler

  • 17.05.2024 07:23
  • 11k+

UEFA iki klubuň hem Çempionlar ligasynyň indiki möwsümine gatnaşyp bilmekleri üçin “Mançester Sitiniň” eýelerinden “Žironadaky” paýynyň bir bölegini satmagyny talap edýär diýip, The Times habar berýär.

Sebäbi iki klub hem bölekleýin şol bir holdingiň - City Futbol Group-yň eýeçiligine degişli. UEFA-nyň düzgünlerine görä, umumy eýeleri bolan toparlar Ýewropanyň kubogynyň şol bir ýaryşynda oýnap bilmeýärler.
2017-nji ýylyň tomsunda “Mançester Sitä” eýeçilik edýän City Futbol Group holdingi “Žironanyň” 44,3% paýyny satyn aldy we üç ýyldan soň klubdaky paýyny 47%-e çykardy.
Indi “Žirona” 3-nji iýuna çenli “Mançester Sitä” garaşsyzdygyny subut etmeli. Munuň üçin City Football Group klublaryň birindäki paýyny 30%-e çenli azaltmaly.
Ýogsam, Kataloniýanyň kluby Çempionlar ligasyndaky ornuny ýitirip biler, La Ligada bäşinji ýeri eýeleýän bilbaoly “Atletik” hem onuň ornuna geçmäge  mümkinçilik alar.
UEFA-nyň ozal “Mançester Siti” bilen “Žirona” öz aralarynda transfer etmegi gadagan edendigini bellemelidiris. Bu çäklendirme 2025-nji ýylyň sentýabryna çenli dowam eder.


şu gün 10:24
3.2k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.9k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
8k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.2k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......