“Barselona” şowsuz möwsümden 40 mln ýewro töweregi pul tygşytlady

  • 17.05.2024 17:39
  • 7.8k+

Häzirki möwsümde Kataloniýanyň “Barselonasynyň” şowsuz çykyşy kluba ep-esli serişde tygşytlamaga mümkinçilik berdi diýip, AS neşiri habar berýär.

Maglumatlara görä, klub Ispaniýanyň çempionatyndaky, Ispaniýanyň Kubogyndaky we Çempionlar ligasyndaky ýeňlişleriniň netijesinde öz oýunçylaryna şertnamalarynda bonuslar hökmünde görkezilen, takmynan, 40 mln ýewrony tölemedi.
Şeýlelikde, La Ligadaky çempionlyk üçin her oýunça goşmaça 750 müň ýewro göz öňünde tutulýar, Çempionlar ligasyndaky ýeňiş üçin baýrak bolsa bir million ýewro barabar. Ispaniýanyň Kubogynda aýratyn sistema hereket edýär: munda bonuslar klub ýene bir ýaryşda ýeňiş gazanyp bilen ýagdaýynda berilýär. Bu şert ýerine ýetirilen halatynda futbolçylar 250 müň ýewro gazanardylar.
Şol bir wagtyň özünde, Ispaniýanyň Super kubogyndaky şowly çykyş üçin bonuslar aýratynlykda maslahatlaşylýar, sebäbi olar zähmet şertnamalaryna goşulmaýar.
Bellenilişi ýaly, 2022/23-möwsüminde katalon toparynyň ýolbaşçylygy oýunçylara milli çempionatdaky ýeňiş üçin, takmynan, 20 mln ýewro töledi.


düýn 23:41
2.3k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.3k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.1k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......