Singapuryň jemi içerki önümi ýylyň III çärýeginde 4,4% ösdi

  • 16.10.2022 09:21
  • 6.8k+

Singapuryň ykdysadyýeti 2022-nji ýylyň III çärýeginde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,4% ýokarlandy diýip, ýurduň ýerli Söwda we senagat ministrligi habar berdi. 

Ondan öňki çärýekde JIÖ-iň ösüşi 4,5% bolupdy.
Trading Economics-iň pikir soraşan analitikleri ortaça 3,4% ösüşe garaşypdylar.
Senagat sektoryndaky ösüş, elektronika we himiýa önümleriniň önümçiligindäki pese gaçyş wagtynda, aprel-iýun aýlaryndaky 5,7% bilen deňeşdirilende, ep-esli haýallap, geçen çärýekde 1,5% boldy. Ikinji çärýekde gurluşyk sektory 1,5% bolanlygyndan 3,9%-e çenli, hyzmatlar ulgamy - 4,8% bolanlygyndan 6,1%-e çenli ösüşini çaltlandyrdy. 
Öňki çärýege çenli Singapuryň JIÖ-i ondan öňki çärýekde 0,2 peselenden soň, 1,5% galdy. Şeýlelik bilen, ýurduň ykdysadyýetine yzly-yzyna iki çärýegiň jemi boýunça JIÖ-iň pese düşmegi bilen kesgitlenýän resessiýadan gutulmak başartdy. 
Puluň hümmetiniň pese gaçmagy,  göterim stawkalarynyň  ýokarlanmagy we daşarky islegiň gowşamagy sebäpli,   2022-nji ýylda garaşylan 3-5%-iň deregine ykdysadyýet 3-4% çäklerde ýokarlanar diýip, ýurduň hökümeti  çaklaýar.


24.11.2025 14:23
10k+

Altyn ätiýaçlygy boýunça ýurtlaryň infografikasy: Merkezi banklar ony çökgünlikden goranmak üçin ýygnaýarlar

Altyn iň ygtybarly we wagtyň synagyndan geçen gymmatly serişdeleriň biri bolmagynda galýar. Bütin dünýädäki Merkezi banklar onuň gorlaryny artdyrmagyny dowam etdirýärler, bu bolsa 2025-nji ýylda metalyň bahalarynyň rekord derejede ýokarlanmagyna getirdi...

24.11.2025 10:01
8.3k+

Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetinde nämeler göz öňünde tutuldy: sanlar we maglumatlar

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on birinji maslahatynda “Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy biragyzdan kabul edildi. Kanun 24-nji noýabrda "Türkmenistan" gazetinde çap edildi...

22.11.2025 09:59
3.7k+

Türkmenistanda wirtual aktiwleri düzgünleşdirmegiň we maýning tehnologiýasyny ornaşdyrmagyň “Ýol kartasy” taýýarlanyldy

Türkmenistanda wirtual aktiwleri düzgünleşdirmegiň we maýning tehnologiýasyny ornaşdyrmagyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin “Ýol kartasynyň” taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu barada anna güni Hökümet mejlisinde wise-premýer H...

16.11.2025 14:19
5.3k+

Adambaşyna iň ýokary girdeji boýunça ýurtlaryň arasynda Lihtenşteýn birinji boldy

Adam başyna iň ýokary girdejisi bolan on ýurduň ýedisi Ýewropada ýerleşýär. Bu maglumat Halkara pul gaznasynyň (HPG) 2025-nji ýylyň oktýabrdaky ýagdaýyna görä täzelenen reýtinginde görkezilýär. Sanawda absolýut lider Lihtenşteýn boldy...